Audi A7 içaly suratlary0

04.13.2010

Içaly suratçylar fotoapparatlary bilen ýaşyrylan Audi A7 – şol nemes kompaniýanyň baş binasynyň töwereklerinde surata düşürdiler. Bu awtoulag geçen ýyl Detroytda geçirilen halkara motor-şouda görkezilen Audi Sportbaсk maşyna meňzedilip ýasaldy. Bu awtoulag – A8 örän konserwatiw diýip hasaplaýan müşderiler üçin diýip belläp geçýäler.

Audi A7 3 litrlyk benzin hereketlendirijisi bilen ýangyjy gös-göni pürkmek ulgamy bilen komplektlener, şeýle-hem turbirlenen benzin we dizel agregatlary V8 bilen. Bu awtoulag 7 derejeli awtomatik geçirijili bolup, 4×4 ýöredijisi bilen üpjün ediler. Bu awtoulagyň görkezilişi şu ýylda Moskwada geçiriljek halkara awtosalonda ýa-da şu ýylyň oktýabr aýynda Parižde geçiriljek motor-şouda bolar. Ýewropada Audi A7 2010 ýylyň aýagynda satlyga çykar.

Ýazan: Muhammet Batyrow

Jogap ýaz