Citroen täze çapyşyk bolidini görkezdi0

07.06.2010

Citroen indiki ýylda ralli boýunçda dünýä çempionatynda çykyş etjek, özüniň täze ralli awtoulagynyň ilkinji resmi suratlaryny çapa çykardy. Täze awtoulag Citroen DS3 R3T adyna eýe boldy. Fransuzlar munuň awtosportyň taryhynda iň üstünlikli С4 çapyşyk awtoulagyň üstünligni gaýtaljakdygyna umyt edýäler.

Bu modeliň kapotyň aşagynda 1,6 lt göwrümli benzinli motor bolar. Ondan hem başga, bärde köp standart toplumlar bolar: ýönekeý forsunkanyň turbonagnetali,içine we daşyna göýberilýän kollektorlar. Sebäbi FIA-nyň (halkara awtoulag guramasy) talaplary şeýle, FIA çapyşyk awtoulaglary ýönekeý sürüjiniň awtoulagyna ýakyn etmeklige okgunly. Güýç beriji agregatyň maksimal kuwwaty 210 a.g. barabar, aýlanma momenti bolsa 350 N•m ýetýär.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz