Dünýäde iň ýyndam kabrieoleti Ženewada görkezerler0

02.22.2010

Ženewanyň awtosalonynda 2010-ýylyň 2-nji martynda ilkinji gezek kabriolet Bentley Continental Supersports görkezerler. Britan markanyň belleýşi ýaly, bu kabriolet Bentleý awtolaryň içinde iň ýyndam we güýçlisidir. Munuň bilen onuň artykmaçlyklary çäklenmän, ol dünýäde iň ýyndam kabriolet.

Awtoulag, geçen ýyl satuwa çykan coupe Bentley Continental Superspots ýaly 6 litrlyk W12 biturbirlenen motor bilen ornaşdyrylan. 621 at güýjine eýe bolup, bu ajaýyp maşyn 100km/sag tizlige 3,9 sekuntda çykýar. Iň ýokary tizligi 325 km/sag. Bu awtoulagy adaty bolşy ýaly benzin bilen şeýle hem bioetanol bilen sürüp bolýar, Worldсarfans saýtynda Bentleý press-relizinde beýan edilen.

Bu awtoulag iň ýeňil karbon-keramiki tormozdan, 20-duýmly ýeňil erginden ýasalan diskalardan, peseldilen podweskadan, hemişelik doly ýörediji ulgam yzky tigirleriň peýdasynda 40/60 gatnaşykdan ybarat.

Içki bezegde giňişleýin karbon ulanyldy. Gapylaryň bezeginde alkantara we gaýyş ulanyldy. 5 metrlik kabriolediň oturgyçlary güpbi gaýyş bilen bezelen.

Şu wagt Bentley Continental Supersports bahasy hakda hiç-hili maglumat ýok. Ýöne döredijiler oňa pesinden 300.000$ baha keserler. Sebäbi ABŞ-da şu modeliň kupe görnüşiniň bahasy 273.000$ başlaýar.

Jogap ýaz