Iň tä­sin ýan­gyn sön­dü­ri­ji ulag0

04.26.2010

Uly şä­he­riň dar we aw­tou­lag­lar­dan do­ly kö­çe­le­ri gat­na­wy kyn­laş­dyr­ýar. Bar­ma­gy kyn bo­lan jaý­la­ryň ara­syn­da, ýe­ras­ty ge­çel­ge­ler­de we tu­nel­ler­de ýü­ze çyk­ýan ýan­gyn­la­ra has aň­sat bar­mak mak­sa­dy bi­len iki ta­ra­pa hem he­re­ket edip bil­ýän iki ka­bi­na­ly ýan­gyn sön­dü­ri­ji ulag ön­dü­ril­di.

“MAN” şe­re­ke­ti­niň Awst­ri­ýa­da ön­dü­ren bu ula­gy­nyň 330 at güý­jü­ne ba­ra­bar kuw­wa­ty bar. Aý­lan­ma­gyň ýa-da yza he­re­ket etmegiň kyn bolan ýerlerin­­de köp amatlyklary bolan bu ulag sa­gat­da 11 ki­lo­met­re çen­li tiz­lik bi­len yza hem gi­dip bil­ýär, 9.57 metr­lik meýdançadan yzy­na öw­rü­lip bil­ýär. Ula­gyň göw­rü­mi 2000 litr bo­lan suw we 200 litr bo­lan  ýan­gyn sön­dü­ri­ji kö­pük guý­ma­ga ni­ýet­le­nen iki sa­ny ga­by bar. Bu ula­gyň hä­zir­ki­si ýa­ly kä­mil bol­ma­dyk gör­nü­şi il­kin­ji ge­zek 2005-nji ýyl­da Fran­si­ýa bi­len Ita­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky dün­ýä­niň iň uzyn tu­ne­li bo­lan “Mont Blanc” ge­çel­ge­sin­de ula­ny­lyp­dy. Hä­zir­ki wagt­da has kä­mil­le­şen bu ulag­lar­dan Hy­ta­ýyň Şan­haý tu­ne­lin­de ula­nyl­mak üçin sar­gyt ber­len­di­gi mä­lim edil­ýär.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz