Kompýuter enjamlary ulagheläkçiligi getirýär0

06.22.2010

Awtoulaglarda enjamlaşdyrylan düwmesiz ekranlar, çylşyrymly dolandyryş ulgamy we ş.m zatlar sürüjileriň durmuşlaryny ýeňilleşdirenok. Köplenç bu enjamalar tersine täsir edýär :  awtoulag näçe köp kompýuter enjamlaryna baý bolsa, şonça-dam köp ünsüň bölünýär. Geliň sürüjilere ýolda päsgel berýän enjamlaryň birnäçesi bilen tanyşalyň.

Amerikanyň gibrid Ford Fusion sedan awtoulagynda oturyp gören sürürjiler tassykladylar:    ýarym sagadyň dowamynda geçiljek ýol görünenok. Munuň sebäbi sag gyrada ýerleşen suwuk kristally ekran. Owadanlygy we şekilli suratlar ünsüňi çekýär. Şonuň üçin gowysy ekranyň ýüzüni bir zat bilen ýapyp saklamaly.

Kameralar ozaldan bäri awtoulaglarda bar. Ilki başda olar kiçi ekranda yzky bamperdan ulagyň yzyny görmek üçin ulanylýardy. Wagtyň geçmegi bilen ekranlaryň ölçegi ulaldy, şeýle hem olaryň sany köpeldi. Netijede şu günki günde aýnadan seretmek geregi ýok. Meselem: Range Rover Sportda 5 sany kamera bar. Döredijiň pikirine görä bu kameralar ulagy duralgada goýmäk üçin ýeňillik döreder. Hakykatda bolsa sürüji köplenç şol kameralara düşýän zatlara ünsüni bölýär we her pursatda şol kameralary işletmäge çalyşýar.

Ýene näme biziň ünsümizi çekip biler?  Elbetde, tapdan düşüriji zatlar. Adamzadyna ömründe Mercedes-Benz SL550-dakyda oturdylan oturgyçlaryndan erbet zat oýlap tapyp görenok. Köneje “Жигули”niň oturgyçlarynda uky ýada düşmeýär.

Awtoulaglardaky sowadyjy-geçen asyryň täsin oýlap tapma. Ýöne häzirki zaman inženerleri ony doly zaýadylar. Sürüjiniň howpsuzlygy uçin sowadyjyny yzky hatarlaryň arka tarapynda oturdyp başladylar – el ýeterli däl ýerde. Indi sürüjä diňe bir islän zadyny saýlap almakdan başga, akrobatiki hereketleri ýerine ýetirmeli bolýär.

Ýazan: Muhammet Batyrow

Jogap ýaz