Na­noAU­DI0

05.31.2010

Aw­tou­la­gy­ňyz sä­hel­çe çy­zy­lan bol­sa ýa-da onuň reň­ki­ni ha­la­ma­ýan bol­sa­ňyz, hä­zir­lik­çe ýe­ke çöz­güt ony tä­ze­den bo­ýa­mak­dyr. Is­pa­ni­ýa­ly in­že­ner De­ni­el Gar­si­ýa­nyň tas­la­ma­sy ama­la aşy­ryl­sa, aw­tou­lag­da bir düw­mä bas­mak ar­ka­ly onuň reň­ki­ni üýt­ge­dip bi­ler­si­ňiz hem-de ula­gy­ňyz çy­zy­lan bol­sa, ula­gyň şol ýe­ri öz-özün­den “bi­ter”, se­bä­bi Gar­si­ýa­nyň tä­ze ula­gyn­da na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar gi ň­den ula­ny­lyp­dyr.

“The­De­signB­log.org” saý­tyn­da ber­len ha­ba­ra gö­rä, tä­ze “Audi A9” na­no­bo­ýag bi­len gap­la­nan­dyr. Bo­ýa­gyň haý­ran gal­dyr­ýan iki aý­ra­tyn­ly­gy bar: bo­ýag öz-özü­ni öň­ki dur­ku­na ge­ti­rip bil­ýär (my­sal üçin, ula­gy­ňyz çy­zy­laý­sa hem uly me­se­le bol­ma­ýar) hem-de özü­ni aras­sa­la­maga ukyp­ly­dyr (ýag­ny, ula­gy­ňy­zy ýuw­ma­ly bol­ma­ýar­sy­ňyz).

Ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si hem haý­ran gal­dyr­ýar, se­bä­bi ulag­da üç he­re­ke­len­di­ri­ji bar. Elekt­rik­li, gib­rid hem-de ada­ty ben­zin­li bo­lan bu he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riň ba­ry as­lyn­da elekt­rik ön­dür­mek üçin ula­nyl­ýar. Bu elekt­rik bol­sa ula­gy he­re­ket­len­dir­ýär. Soň­lu­gy bi­len şeý­le ula­gyň üs­tün­de iş­läp baş­lan şe­re­ke­tiň “Audi” bo­lan­dy­gy­na geň hem gal­ma­ly däl, se­bä­bi şe­re­ke­tiň şy­ga­ry “Teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len, öňe!” (Advancement through Techno­lo­gy) bo­lup dur­ýar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz