Täze Hyundai Accent – ilkinji SURATY0

04.20.2010

Internetde täze Hyundai Accentiň ilkinji suratlary çykdy.

Ol ýakyn wagtda resmi ýagdaýda hemmelere hödürlener. Buwagt suratlar gowy hilde bolmasa-da, olar hem Accentiň nähili boljakdygyny aýdyňlaşdyrýar.

Accentiň gowy enjamlaşdyrylyşy garaşylýar: ýedi sany howpsuzlyk ýassyklary, klimat-kontrol, nawigasion ulgam we ş.m.

Kapotyň aşagynda düýpgöter üýtgeşiklik ýok. Gibridli Accent bolmaýmasa, esasy goýumy koreýlar 1,4; 1,6 we 2,0 lt göwrümli benzinli motorlara goýýarlar. Mundan başga-da Ýewropada Hyundai Accent birnäçe dizel 1,4 we 1,6 göwrümli hereketlendirijiler satmaklygy meýilleşdirýär. Olar 75 at güýçden 130 at güýje çenli bolar.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz