Täze Kawasaki Ninja ZX-10R-ň ilkinji suratlary0

07.08.2010

Örän duýdansyz ýapon Kawasakisy motosikliň indiki täze nesli Ninja ZX-10R-ň suratlaryny çapa çykardy.

Haýsy-da bolsa bir motosalonda şowhunly we dabaraly prezentasiýaly ähli  däp-dessurlaryň tersine, täze Kawasaki gazaply söweşjeň görnüşde peýda boldy. Hereket eden wagtynda ýeliň garşylygyny azaldýan karbonly gurluş, týuningly gluşitel. Näme üçin ýaponlar özüniň litrini beýle görnüşde “prezentasiýalamak” karar berdiler?

Sebäbi, täze görkezilen motosikl, indiki ýylda superbaýk boýunça dünýä çempionatynda çykyş etjek halkalaýyn bolid. Hut şol görnüşde täze “litr” Suzuka tregine dünýä çempionatyna taýýarlyklaryň barşynda iki günlik testlara geldi. Ýene-de hemme däpleriň tersine ilki bilen ýol-motoulag görnüşini soň bolsa halkalaýyn görnüşini görkezmegiň deregine, ilki bilen hut çapyşyk görnüşi peýda boldy.

Ýol-motoulag görnüşi soňrak peýda bolar, emma onda öňki nesilden hiç bir zadyň galmajygyny şuwagtdan mälim. Bütinleý täze rama, kuwwatlylygy 200 at güýji töwerek hereketlendiriji we tutuş enjamlaşdyrylan 198 kilogramm motosikl – diňe belli “dört ýapon dörtligi” bilen däl-de, eýsem üstünlikli täze BMW S1000RR bilen örän täsirli ýaryşmaklyga synanşar.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz