“Toyota” awtoulaglary garaňkydan “gorkmaz”…0
02.14.2010“Toyota” şereketiniň bilermenleri sürüjilere ýokary tizlikli şaýollaryň garaňky ýerlerini aňsatlyk bilen geçmäge ýardam berjek täze gijegörüş ulgamynyň üstünde işleýärler.
Häzirki wagtda bu ulgamyň wideokameralardan alynýan şekilleriň üstünde işleýän programmalar toplumy taýýar edildi. Programmalar ary, siňek hem-de gije uçýan mör-möjekleriň görüş ukyplarynyň üstünde işlenilende gazanylan tejribeleriň kompýuter kodlaryna geçirilmegi arkaly ýazyldy. Şeýlelikde bu ulgamly awtoulaglaryň sürüjileri daş-töwerekleriniň gijedigine garamazdan kompýuteriň ekranynda edil gündizki ýaly görüp bilerler.
Täze ulgamyň iň oňaýly tarapy ony döretmek üçin ulanylan enjamlaryň bahasynyň elýeterli bolmagydyr. Sebäbi bu ulgamy döretmek üçin adaty wideokameralaryň birnäçesi hem-de 300 dollarlyk kompýuter gerek boldy.
Ulgamy oýlap tapmak maksady bilen “Toyota” şereketiniň bilermenleri, matematika alymlarynyň birnäçesi hem-de köp ýyllardan bäri mör-möjekleriň görüş ukybyny öwrenýän Şwesiýanyň Lund uniwersitetinden Erik Warrant bilen hyzmatdaşlyk guradylar. Hyzmatdaşlykda esasy işi alyp baran Warrantyň döreden matematiki formulalary mör-möjekleriň görüş ukybyny doly aňladýar.
Täze gijegörüş ulgamy häzirki wagtda şereketiň laboratoriýalarynda synagdan geçirilýär. Bilermenler şeýle ulgamlaryň iň gysga wagtda “Toyotanyň” awtoulaglarynda peýda boljakdygyna ýürekden ynanýandyklaryny aýtdylar.