Baş sahypa DÜRLI ULGAMLARAWTOULAG “UÇÝAN AWTOMOBIL” gördüňizmi?!

“UÇÝAN AWTOMOBIL” gördüňizmi?!

ýazan Admin

22-nji Aprel güni agşam Pekinde, Birinji Halkara Konsept Awtomobil Taslama Ýaryşy (First International Concept Car Design Contest) netijeleri belli boldy.  „YEE“ diýip atlandyrylan bu uçýan awtomobil konseptini, Hytaýda Pan Jiazhi, Zhu Wenxi we Lai Zexin döretdi.„YEE“ futuristik uçýan awtomobil konsepti, howada we ýerde iki modda hereket edip bilýär. Hereketde wagty bu modlar arasynda hem geçişler mümkin. Işleme mody uçýan görnüşe getirilen wagty öňündäki iki tigiri gapdallygyna yokary tarap (ganat) we iki arka tigiri daşyna tarap açylýar. Arka tigirlerde uçuş mody üçin perwanalary bar.

Bu görnüşde gök ýüzünde awtomobiliň bilen uçmak diýseň tolgundyryjy bolsa gerek.

Uçuş modundan hereket moduna geçen wagty, öňdäki we arkadaky tigirler öňki halyna gelýär we ýerden gitýän awtomobila öwürilýär.

Bu awtoulagda tranzit ýangyjynyň ýanynda gün energiýa stansiýasy bar. Gün energiýasy bilen zarýat alýan awtoulag ekologiki taýdan hem örän amatly bolany üçin täsinligi has hem artýar.

Ýazan: Azat Rahmanow

Çeşme: http://www.veteknoloji.com

Gyzykly makalalar

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.