Volkswagen sürüjiniň deregine awtoulagy dolandyrýan awtopiloty görkezdi0

04.20.2010

Volkswagen sürüjiniň deregine awtoulagy dolandyrýan awtopiloty görkezdi. Bu awtoulag Angela Merkeliň ABŞ-da saparda bolan wagty oňa hem görkezildi.

Robatlaşdyrylan sistema nemes inženerleri we Stenford uniwersitetiniň amerikan alymlary bilen bilelikde işläp düzüldi. Şol bazada hem “Folkswageniň” ýörite tejribehanasy işleýär.

“Passatyň” hemme hereketi You Tube-da wideoda ýazgy edilen. Ilki bilen awtoulag ýuwaşlyk bilen şäheriň çöllük ýerlerinde gidýär. Soňra yza sürýär we aýlanyp durýar. Ondan soň awtoulag şol bir geçen ýoly tersine ýerine ýetirýär. Boldy… Bu ýönekeý hereketlere bäş ýyllap “Folkswageniň” halkara kollektiwi öz güýç-gaýratyny sarp etdi.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz