Aýda Gün bekedi bolar2
06.17.2010Ýaňy-ýakynda Ýaponiýanyň “Shimizu Corporation” gurluşyk şereketiniň saýtynda berlen habarda, eger-de, goldaw bolsa, özleriniň Aýy Gün elektrik bekedine öwürmek isleýändiklerini hem-de bu taslamanyň doly taýýardygy aýdyldy. Bu taslama laýyklykda, Aýyň ekwatoryny (11 müň kilometr) Gün panellerinden emele gelen we ini iki-üç kilometr bolan lenta bilen saramak meýilleşdirilýär. Emele gelen elektroenergiýa bolsa, mikrotolkun hem-de lazer şöhlelerine öwrülip, Ýere ugradylar. Aýdan gelen bu şöhleler bolsa, öz gezeginde elektrik energiýasyna öwrülip, dürli maksatlar üçin ulanylar. Şereketiň wekilleriniň aýtmagyna görä, “Luna Ring” ady berlen bu lenta tutuş Dünýäniň elektrik energiýa sarp etmegi üçin doly ýeterlikli bolar.
“Luna Ringiň” gurluşygyny ýüzmüňlerçe robot alyp barar. Ýerden dolandyrylýan bu robotlar günüň dowamynda 24 sagat işlärler. Elbetde, bu möçberdäki hiç bir gurluşyk adamsyz ýerine ýetirlip bilinmez, şonuň üçin Aýda gezekleşip işleýän birnäçe nobatçy adamlar toparyny ugratmak hem gerekli bolar.
Bu gurluşyk üçin görlüp-eşidilmedik mukdarda gurluşyk harytlary gerekli bolar. Olary bolsa Dünýäden eltmegiň ummasyz çykdajy boljakdygy sebäpli, Aýa diňe Aýyň özünde öndürip bolmajak materiallar eltiler. Ýagny, Aýa gatnaýan kosmos enjamlarynyň ýangyjy bolan wodorod, sement hem-de beton, kerpiç we aýna ýaly maddalar gurluşygyň öz ýanynda öndüriler.
Häzirki wagtda lentanyň ini iki-üç kilometr bolmagy meýilleşdirilýär, ýöne gerek bolan ýagdaýynda, onuň inini aňsatlyk bilen 400 kilometre ýetirmek hem mümkin bolar. Öndürilen elektroenergiýa galyň kabeller arkaly Aýyň görünýän ýüzünde ýerleşdiriljek ýörite beketlere ugradylar. Beketlerde mikrotolkun hem-de lazer şöhlelerine öwrüljek elektroenergiýa bolsa, diametri 20 kilometr bolan ýörite antenalar arkaly Dünýä ugradylar. Bu antenalaryň takyk işlemegi üçin bolsa “GPS” ulgamyna meňzeýän ulgam ulanylar.
“Shimizu Corporation” wekilleriniň beýanatynda şeýle bekediň Aýda ýerleşdirilmeginiň birnäçe oňaýly tarapynyň bardygy ýörite nygtalyp geçildi. Mysal üçin, Aýda atmosferanyň bolmazlygy Günden 24 sagadyň dowamynda deň derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär hem-de taslamanyň halkara taslama boljakdygy sebäpli, ýer satyn almak zerurlygy bolmaýar.
Taslama amala aşyrylan ýagdaýynda, Aýdan Ýere dowamly elektrik akymy üpjün ediler hem-de häzirki wagtda elektrik togunyň sarp edilişiniň örän köp bolanlygy sebäpli, herekete girizilmegi mümkin bolmadyk ençeme taslamany hem amala aşyrmak mümkin bolar.
Turkmenka
10.18.2010
sheyle tok alynsa, onson adam saglygyna zyyanly bolmazmy???
nassatanly
11.23.2010
robotlar işlejek bolsa onno anyrdan bir ilki kiçijik elektrik satansıya gurmaly bolar.