Beden agzalar “gu­r­lar”0

04.26.2010

Ada­ty ýag­daý­da tä­ze be­den ag­za­sy­ny ös­dür­mek üçin il­ki bi­len kar­kas ýa­sal­ýar. Or­ga­nyň öý­jük­le­ri bol­sa şol kar­ka­syň da­şyn­da ösüp ge­rek­li or­ga­nyň şek­li­ni al­ýar­lar. Or­gan taý­ýar bo­la­nyn­dan soň­ra bol­sa kar­kas bio­hi­mi­ki ýol bi­len ýok edil­ýär.

Daş­ky gur­şa­wyň tä­si­ri ýa-da ada­myň gar­taş­ma­gy bi­len dür­li be­den ag­za­la­ry­myz ýo­ka­ry de­re­je­de iş­le­mek uky­by­ny ýi­tir­ýär­ler. Hat­da, kä­bir ýag­daý­lar­da, be­den ag­za­la­ry­my­za şeý­le bir ze­per ýet­ýär we­lin, transp­lan­ta­si­ýa (be­den ag­za­sy­nyň tä­ze­si­ni  oturt­mak) ýe­ke-täk çöz­güt bo­lup gal­ýar. Ýö­ne transp­lan­ta­si­ýa­nyň hem öňün­de dür­li päs­gel­çi­lik­ler bar. Ola­ryň bi­ri be­de­niň  tä­ze ag­za­ny ka­bul et­mez­li­gi­niň müm­kin­di­gi bol­sa,  beý­le­ki­si transp­lan­ta­si­ýa üçin sag­dyn be­den ag­za­sy­nyň kän bir ta­py­lyp dur­ma­ýan­ly­gy­dyr. In­di bol­sa mag­nit meý­da­ny hem-de na­no­bö­le­jik­ler ar­ka­ly is­len­dik be­den ag­za­sy­ny “gur­mak” bo­lar.

Ada­ty ýag­daý­da tä­ze be­den ag­za­sy­ny ös­dür­mek üçin il­ki bi­len onuň  kar­ka­sy (şe­ki­li) ýa­sal­ýar. Ag­za­nyň öý­jük­le­ri bol­sa şol kar­ka­syň da­şyn­da ösüp, ge­rek­li ag­za­nyň şek­li­ni al­ýar­lar. Be­den ag­za­sy taý­ýar bo­la­nyn­dan soň­ra bol­sa kar­kas bio­hi­mi­ki ýol bi­len ýok edil­ýär. ABŞ-nyň Raýs uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry bol­sa, has oňaý­ly tä­ze usu­ly oý­lap tap­dy­lar. Bu usul­da öý­jü­giň içi­ne aň­sat­lyk bi­len gir­mä­ge ukyp­ly bak­te­rio­fag ky­sym­ly wi­rus­lar ar­ka­ly öý­jü­ge me­ta­lyň na­no­bö­le­jik­le­ri el­til­ýär. Soň­ra bol­sa bu öý­jük­ler bel­li kon­fi­gu­ra­si­ýa­da­ky mag­nit meý­dan ar­ka­ly 3 öl­çeg­de öz ýer­le­ri­ni al­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, wag­tyň geç­me­gi bi­len is­len­dik be­den ag­za­sy­ny “gur­mak” ba­şard­ýar.

Bu teh­no­lo­gi­ýa­ny ös­dü­ren alym­lar mag­nit meý­da­ny­ny eme­le ge­tir­ýän komp­ýu­te­re has çyl­şy­rym­ly al­go­ritm­ler be­rip hem-de ada­myň kök öý­jük­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly is­len­dik ada­myň be­den ag­za­sy­ny onuň sy­na­sy­na  “nä­ta­nyş” bol­ma­jak şe­kil­de ýa­sap bil­ýär­ler.

Alym­lar bir­nä­çe be­den ag­za­sy­ny kem­siz edip “gur­ma­gy” ba­şa­ra­nyn­dan soň­ra bu teh­no­lo­gi­ýa­ny “n3D Bi­oscences” şe­re­ke­ti sa­tyn al­dy. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa bu şe­re­ke­tiň we­kil­le­ri müş­de­ri­le­re hyz­mat et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Bu ba­ra­da şe­re­ke­tiň http://www.n3dbio.com saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz