Çagamyzyň zehini we tehnologiýa0

01.24.2016

Hemmämiziň bilişimiz ýaly, täze nesil tehnologiýanyň içinde dogulýar. Bu ýagdaýa eneatalaryň nähili garaýandygyna düşünmek üçin bir hakykaty bilmek gerek, biz tehologiýanyň içinde dogulmadyk, mekdep ýyllarynda ýada uniwersitetde öwrendik. Şonuň üçin kiçi çagalarymyzyň eline alan tehnologiýa enjamlaryny ulanyşyny görüp haýran galýarys, olaryň zehini biziňkiden has ýokarda diýip pikir edýäris. Käwagt, “Oglum 4 ýaşynda internet ulanyp otyr”, “Biziňkä hezil edip kompýuteri dörjeläp otyr” diýip öwünýäris.

Gynansakda ýurdumyzda kiçi çagalaryň tehnologiýa ulanmagynyň düzgünleri hakynda ýeterli derejede ýazgylar, makalalar we ş.m düşündiriş işleri ýok. Bar bolanlary hem okalanok. Şonuň üçin hem öz çagalaryny tehnologiýadan uzak saklaýan az ene-ata bar.

Netijede tehnologiýa bilen giç tanyşanymyz üçin we özümiziň zehinimizi pes görýänimiz üçin kiçi çaganyň tehnologiýany gowy ulanmagy onuň zehininiň ýokarydygyny görkezýändir öýdýäris.

Dünýäde we ýurdumyzda başlangyç synplaryň içini tehnologiýa bilen doldurmaga dowam edibersinler, Silikon Jülgesiniň (Silikon Valley) ortasynda, E-bay, Google, Apple, HP, Yahoo ýaly tehnologiýa ägirtleriň çagalaryny iberýän mekdebinde hiçhili tehnologiýa degişli enjamlar ýok. Mekdebiň ady Waldorf School of the Peninsula.

Bu mekdepde kompýuter ekrany ýada akylly tagtalar ýerine köne ýaşyl tagtalar, meller kagyzlar we galam bar. Öwrenmegiň beýleki usullaryny bolsa elde örüm etmek üçin ýüp, sym şekiller ýasamak üçin plastilinler we ş.m zatlar bar.

Google kompaniýasynyň ýokary derejeli işgärlerinden Alan Eagle, New York Times gazedine beren reportažynda şeýle diýýär: “App programmalarynyň ýada iPadiň, meniň çagama has gowy okamagy ýada has gowy matematika öwreder pikiri örän gülkünç”. 5-nji klasa giden çagasy Google ulanmagy bilenok. Tersine beýleki çagalar ýaly el hünärini öwrenýär.

Maksatlary bir gün öz jorabyny özi dikmegi öwrenmek. Waldorf okuw sistemasyna görä sorag çözmek we matematika owrenmek, örüm etmek, gaýçy ýada pyçak ulanmak ýaly el hünärleri bilen özgerýär. El hünärleri, dyrmanmak, bökmek ýaly hereketler 7 ýaşyndan soň zehine öwrülýär.

Alan Eagle, “Tehnologiýany öwrenmek dişiňi ýuwmany öwrenmekden has aňsat. Google ýada beýleki ähli ýerlerde tehnologiýany zehini has pes adamlaryň hem aňsatlyk bilen ulanyp biler ýaly derejä getirýäris, çagalarymyz ulalanda tehnologiýany ulanyp bilmez diýen pikir düýbünden ýalňyş” diýýär. Bu mekdebiň sistemasy 100 ýyllyk sistema, ýöne kompýuter temasynda indi-indiler çekişmeler başlady.

Has çylşyrymly hereketleri edip bilýän çagamyzyň mouse (myşkany) gymyldadyp bilýänligini görüp öwünmegiň ýerine olara tikin etmek, gaýçy ulanmak, plastilin ýada palçykdan jaý ýasatmak ýaly has köp zehini ösdürýän hereketleri etmage gönükdirmegiň wagty gelen bolmaly!

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz