Dünýäniň iň gowy 15 kitaphanasy2

05.24.2013

Gadymy-kitaphana

Hä­zir­ki wagt­da ki­tap­ha­na­lar ha­ky­ky mu­zeý­ler ýa­ly­dyr. Ýag­ny di­ňe ki­tap­la­ryň sak­la­nyl­ýan ýe­ri däl-de, eý­sem, gö­züň bi­len gö­rüp bol­ýan täsin su­rat­la­ryň ser­gi­si­niň, ar­hi­tek­tor­la­ryň eser­le­ri­niň we ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň sak­la­nýan ýe­ri­dir.

1. 2011-nji ýyl­da Ştut­gart­da açy­lan ki­tap­ha­na. Onuň di­zaý­ne­ri ko­re­ýa­ly Ýun Ýang Ýui­dir. Ki­tap­ha­na­nyň şe­ki­li Ru­bi­giň iki reňk­li ku­bi­gi­ni ýat­lad­ýar. Ki­tap­lar bi­len dol­du­ry­lan, ýüz­ýän bas­gan­ça­ga meň­zeş,  Xerox teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len okal­ga zal­la­ry her bir te­bi­gat­çy aly­myň ar­zu­wy­dyr.

2. Alek­sandr ki­tap­ha­na­sy ara­dan iki müň ýyl ge­çen­den soň, ýag­ny 2002-nji ýyl­da tä­ze­den gu­rul­ýar. Ol ata-ba­ba­la­ryň hor­ma­ty­na di­kel­dil­ýär. Bu ki­tap­ha­na in­ter­net ar­hiw­le­ri­niň gö­çür­me­si­niň äti­ýaç­lyk üçin sak­la­n­ýan aý­na­sy­nyň bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

3. Ge­çi­ri­len reý­ting­le­riň ara­syn­da eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bi­na, Beý­tou­da­ky Taý­peý (Taý­wan) ki­tap­ha­na­sy­dyr. Gün şöh­le­si­ne çy­dam­ly, agaç­lar­dan gu­r­lan bu ki­tap­ha­na­nyň üçe­gi 20 sm top­rak bi­len ör­tü­lip­dir. On­da müň­ler­çe ki­tap sak­lan­ýar.

4. 28 000 kwad­rat metr meý­da­ny tut­ýan Ni­der­lan­di­ýa­da­ky Ams­ter­dam ki­tap­ha­na­sy iň iri ha­sap­lan­ýar.  Ol özü­niň ýy­ly­dy­jy des­ga­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

5. 22 gat­ly Pa­ri­žiň Mil­li ki­tap­ha­na­sy­nyň şe­ki­li ki­ta­by ýat­lad­ýan 4 bina­dan yba­rat. Ki­tap­la­ryň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy se­bäp­li, 1996-njy ýyl­da onuň göw­rü­mi gi­ňel­dil­ýär. Agaç­lar bi­len ör­tü­len ki­tap­ha­na Fran­si­ýa­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.

6. Tri­ni­ti kol­le­jin­däki Ir­lan­di­ýa ki­tap­ha­na­sy. Ol ýer­de iň ga­dy­my we seý­rek duş gel­ýän ki­tap­la­ryň 200 000-si  sak­lan­ýar.

7. Ri­miň Mu­kad­des Ýe­ka­te­ri­na­nyň yba­dat­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ki­tap­ha­na dün­ýä­dä­ki iň kö­neleriniň bi­ri­dir.  Ol 564-nji ýyl­da gu­rul­ýar. Ol ýer­de Pla­to­nyň we Go­me­riň il­kin­ji ne­şir­le­ri hem-de ma­şin­ka­da ýa­zy­lan ki­tap­la­ryň 8000-si sak­lan­ýar.

8. Fu­ku­si­ma­ (Iwak) ki­tap­ha­na mu­ze­ýi 2005-nji ýyl­da gu­rul­ýar. Ol ýa­pon okuw­çy­la­ry­nyň iň köp bar­ýan ýe­ri­dir. Onuň ar­hi­tek­to­ry Ta­dao An­do. Ki­tap­la­ryň daş­ly­gy­nyň ça­ga­la­ra go­wy gö­rün­me­gi­ni özü­ne esa­sy mak­sat edi­nip­dir.

9. 1500-nji ýyl­da düý­bi tu­tu­lan Pa­ty­şa­nyň or­ta mek­de­bi­niň ki­tap­ha­na­sy, ki­tap­la­ry yzy­gi­der­li­gi­ne tek­je­le­re ber­ki­di­lip go­ýul­ma­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Ol ýer­de Isaak Nýu­to­nyň ki­tap­la­ry hem sak­la­nyp ga­lyp­dyr.

10. 1848-nji ýyl­da gu­rlan Bos­to­nyň açyk ki­tap­ha­na­sy ulu­ly­gyna görä ABŞ-da­ ikin­jidir. Onda ki­tap­la­ryň 24 mil­li­on tö­we­re­gi sak­lan­ýar.  Bu ýere gel­ýän­le­re ki­tap­la­ry öý­le­ri­ne alyp git­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­den il­kin­ji ki­tap­ha­na­dyr.

11. Nas­sau açyk ki­tap­ha­na­sy 1700-nji ýyl­da tus­sag­ha­na hök­mün­de ula­nyl­ýar. Di­ňe 1837-nji ýyl­dan soň, ol ki­tap­ha­na edil­ýär.  Hä­zir ol ýer­de ki­tap­la­ryň 28 000-si sak­lan­ýar.

12. Şwe­si­ýa­da­ky Stok­golm il­kin­ji açyk tek­je­li ki­tap­ha­nany 1928-nji ýyl­da ar­hi­tek­tor Gun­nar Asp­lund gu­r­ýar. Ol ýer­de oky­jy­lar ki­tap­la­ry arkaýyn ula­nyp bi­lip­dir­ler.

13. Ma­kAl­len­dä­ki ki­tap­ha­nany min­nea­po­lis­li ar­hi­tek­tor­lar Me­ýer, Şe­rer we Rok­kasl gu­r­ýar. Ol ýer­de ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler üçin hem okal­ga zal­la­rynyň gapysy hemişe açyk. Şeýle hem ki­tap­ha­na­da 200 orun­lyk kon­fe­ren­si­ýa za­ly işleýär.

14. Ma­nil­dä­ki okal­ga klu­by 2000-nji ýyl­da bina edilýär. Dö­re­di­le­ni­ne 13 ýyl ge­çen ki­tap­ha­na­da  2500 tö­we­rek ki­tap bar. Onuň  eýe­si Er­nan­do Gua­na­lao ki­tap­la­ry oky­jy­la­ryň öýü­ne ti­gir­li elt­me­gi en­dik edi­nip­dir.

15. Wa­şing­ton­da­ky Kong­ress­ler ki­tap­ha­na­sy di­ňe ABŞ-da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de bel­li­dir. Onda 151 800 000 ki­tap bar. Ol ýer­de hat­da ulu­ly­gy 6х6 mil­li­metr bo­lan ki­tap­lar hem saklanýar. Ýö­ne olaryň sa­hy­pa­la­ry­ny ýi­ti iň­ňe­le­riň kö­me­gi bi­len aç­ma­ly bo­lup­dyr.

Gurbanmuhammet Seýidow,

Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Zaman – Türkmenistan

  1. Begmanow

    05.24.2013

    Merwdaki üsti gömülgi yatan kitaphanamyzam şu sanawa girerdi, eger wagtynda gazuw agtaryş geçirilen bolsa.

    Jogap ber
  2. Begnazar

    05.08.2017

    Merwdaki kitaphanany Çingiz han tarapyndan yakylypdy

    Jogap ber

Jogap ýaz