Dünýäniň iň güýçli mikroskopy0

10.19.2011

ABŞ-nyň San-Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetinde işläp başlan “JEMARM200F” mikroskopy dünýäniň iň güýçli mikroskopy hasaplanýar. Ol obýektleri 20 million esse ýakynladyp görkezmäge ukyplydyr. Enjamyň döredijileri öz enjamlarynyň düwnük ýaly bejermesi kyn bolan keselleriň öwrenilmeginde hem-de öňi alynmagynda peýdaly bolmagyna umyt edýändiklerini aýdýarlar.
Uniwersitetiň fizika hem-de astronomiýa bölüminiň müdiri Migel Ýakeman şeýle diýýär: “Täze mikroskopy ulanmak arkaly dünýädäki iň kiçi zatlary hem görüp bilýäris. Hatda,örän gowy durulykda görüp bilýäris. Eýýämden nanobölejikleri ýasamak üçin ulanylýan atomlary ýekän- ýekän görmegi başardyk.”
Täze mikroskop oňa oňaýsyz täsir edip biljek daşky wibrasiýalardan hem-de başga täsirlerden goragly ýörite laboratoriýa ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda bolsa Ýakemanyň ýolbaşçylygyndaky alymlaryň topary lazeriň kömegi bilen düwnügi ýok edip biljek nanbölejikleriň üstünde işleýärler.
“www.tgdaily.com” saýtynda berlen bu habarda, uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň “JEM-ARM200F” mikroskopyny dünýädäki ähli alymlara ulanmaga mümkinçilik bermek isleýändikleri aýdylýar. Ýagny, alymlar Interneti ulanmak arkaly mikroskopa buýruk berip bilerler hem-de ony günüň dowamynda 24 sagatlap ulanmak bolar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz