Dürli görnüşli informasiýa obýektleri0

08.07.2010

Informasiýa obýektleri  özünde informasiýa saklaýan kime-de bolsa birine gerek boljak kitaplar, žurnallar, gazetler, makalalar, islendik görnüşli hatlar we beýleki dokumentler (resminamalar) bolup bilerler. Adamzat taryhynyň öşüşini bilmek üçin ynsanlaryň haýsam bolsa bir informasiýa göterijilerde galdyran ýazgylary peýdalanylýar. Gadymy eýyamlarda ynsanlar öz piker öýlaryny geljekki nesile ýetirmek üçin oz jümlelerini daşyň ýüzüne, papruslara, kerpiçlere, soňlugu bilen kagyzlara ýazyp galdyryp gidipdirler. Mysal üçin gadymy türkmen kowumlarynyň özleri barada ýazgylary “orhon-ýeneseý ýazgylary” atlandyrylyp, olar günorta sibiriň daglarynyň ýüzüne ýazypdyr. Gadymy şumerler öz ýazgylaryny kerpiçleriň ýüzüne ýazypdyrlar. Gadymy müsürliler we wawilionlylar öz ýazgylaryny pergamentuiň we papiruslarayň ýüzlerine ýazypdyrlar. Bu ýerde gadymy halklar informasiýa çeşmesi bolup, biz olaryň informasiýalaryny sarp edijilerdiris, daş, kerpiç, papyrus, kagyz informasiýany geçirijilerdir. Informasiýany çeşmeden sarp edijä geçirmekde kagyz obýekti ähmiýeti ynsanyň durmuşynda uly orny eýeleýär. Ilkibaşda kagyz  informasiýa göterijileri aýratyn dokumentler görnüşinde bolan bolsa soňra olar toplanyp, golýazma kitaplary döredipdirler. Ilkibaşda golýazma kitaplary gol bilen täzeden göçürülip nusgalanypdyr. Orta asyrlaryň soňunda kitaplary nusgalamagyň, çap etmek usuly giňden ýaapdyr, bu usul häzir hem dowam edýär.

Häzirki wagtda informasiýany informasiýa çeşmesinden sarp edijilere geçirýan informasiýa obýektleriniň görnüşleri has ösen. Kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen informasiýany geçirijiler hökmünde elektron serişdeleriň we usullaryň gerimi giňelendir. Informasiýa geçiriji hökmünde çeýýe diskler, gaty we lazer diskler, magnit lentalar hasa köp ulanylýar. Olara ýazylan informasiýalary adaty göz bilen okap bolmaýar, onuň üçin kompýuterler ulanylýar.

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap informasiýa obýektler hökmünde kompýuter torlary informasiýa tehnologiýasynyň esasyna öwrüldi. Kompýuter torlaryň birleşmelerinde edara-kärhanalary dolandyrmak, ilata gerek bolan gündelik anyklama maglumatlary ýerleşdirilen, olardaky informasiýalar kanuny esasda ynsanlara elýeter edilendir.

XX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap ýer togalagynda global kompýuter tory döredildi hem-de onda adamzadyň medenýetli ýaşaýyşynda döredilen informasiýalar, şol sanda dokumentler, kitaplar, makalalar, gazetler we beýleki ynsanyň durmuşyna  degişli informasiýalar ýerleşdirildi hem-de gündelik ýerleşdirmek dowam etdirilýär. Häzirki wagtda dürli dillerde Internetde ýwerleşdirilen informasiýalaryň sany 5 nilliardan hem köp hasap edilýär. Internete elýeter bolan ynsanlar ol informasiýalardan peýdalanyp bilerler.

Informasiýalary informasiýa geçirijiden gönüden-göni ynsan okap bilýän bolsa informasiýa tehnologiýanyň ösmegi bilen informasiýa obýektlerindäki informasiýalary okamak üçin kompýuterler, aragatnaşyk serişdeleri zerur bolup durýar. Informasiýa obýektleriň elektron görnüşleriň ösmegi kämilleşýär, olar ynsanlara öýjükli telefonlar arkaly hem Internetden elýeter edilip başlandy.

Ýazan: A. Ýazgylyjow – Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Jogap ýaz