Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty1

07.04.2012

Teh­no­lo­gi­ýa, in­že­ner­çi­lik we yk­dy­sa­dy­ýet hü­när­le­ri­ni okat­mak bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän bu ýo­ka­ry okuw ja­ýy ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Bos­ton şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. (Iň­lis di­lin­de: Mas­sachu­setts Ins­ti­tu­te of Techno­lo­gy – MIT).

Ins­ti­tu­tyň mu­gal­lym­la­ryn­dan, uçu­rym­la­ryn­dan No­bel baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan­la­ryň sa­ny 72-ä ýe­tip, 15 sa­ny­sy soň­ky 5 ýy­lyň do­wa­myn­da al­dy. Bu ýo­ka­ry okuw ja­ýy dün­ýä­de il­kin­ji­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär.

MIT 1861-nji ýyl­da dö­re­di­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan 1865-nji ýyl­da Bos­to­nyň mer­ke­zin­de kär­den­de­si­ne ýer­le­şen bir bi­na­da ylym ber­mä­ge baş­la­dy. 1916-njy ýyl­da şä­he­riň Çar­les der­ýa­sy­nyň ke­na­ry­na hä­zir­ki bi­na­sy­na göç­ýär.

In­sti­tu­tyň je­mi 26 bö­lü­mi bo­lup, bäş fa­kul­te­ti (mek­dep) we bir kol­le­ji bar­dyr. Olar­da je­mi 10 müň 384 ta­lyp oka­ýar.

Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň bäş sa­ny esa­sy ki­tap­ha­na­sy bar­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da ýö­ri­te we ar­hiw ki­tap­ha­na­la­ry bar­dyr. 2,8 mil­li­on ne­şir edi­len ki­tap, elekt­ron mag­lu­mat­lar çeş­me­le­ri, 43 müň ne­şir edi­len we elekt­ro­nik gör­nüş­de žur­nal, 570 umu­my mag­lu­mat­lar ba­za­sy bar­dyr. Ins­ti­tu­tyň baş mu­ze­ýi 1971-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Mun­dan baş­ga-da in­sti­tu­tyň Yl­my mu­ze­ýi hem meş­hur­dyr.

Gün­de­lik ga­zet­ler, žur­nal­lar, dür­li klub­lar, teatr­lar, ki­tap­ha­na­lar, mu­zeý­ler, ho­wuz­lar, sta­di­on­lar, beý­le­ki sport des­ga­la­ry ta­lyp­la­ryň okuw, sport bi­len meş­gul­lan­ýan ýer­le­ri­dir. Bu ýer­ler­de olar öz is­leg­le­ri bi­len gur­nak­la­ryň bi­ri­ne ýa­zyl­ýar­lar. Her­si öz hü­nä­ri bo­ýun­ça klu­ba ýa­zy­lyp bil­ýär we bu ýer­de bol­ma­gy ta­lyp üçin ama­ly tej­ri­be bol­ýar. Hä­zir uni­wer­si­te­te de­giş­li 380 sa­ny gur­nak we ta­lyp­la­ryň to­pa­ry bar­dyr.

  1. Maral

    07.22.2012

    salam! Maglumatlarynyz ucin minnetdar!

    Jogap ber

Jogap ýaz