Okama tizligi we okanyňy düşünmek0

01.23.2016

Tehnologiýa özgerdigiçe has tiz ýaşamaga başladyk. Işler tiz edilýär, başlyklar işgärlerineden has tiz işlemegi talap edýär. Soňky döwürde bularyň ählisiniň çözgüdi tehnologiýa bolup durýar. Emma bir detaly ýatdan çykarýarys, okama tizligimiz oňküsi ýaly dur.

Bir işewür, ofis işgäri, dolandyryjy we ş.m kim bolup işleseňiz-de wagtyňyzyň köp bölegi okamak bilen geçýär. Bu bolsa iň gymmatly zadymyz bolan wagtymyzy elimizden alýar.
Kiçiräk maglumatlar bilen deňeşdirme geçireli;

10-15 ýyl mundan ozal bir dolandyryjy günüň dowamynda 10-15 sany faks ýada hat okaýardy, bugünki günde bolsa 50-100 e ýakyn e-poçta okamaly bolýar. Okama tizligi bolsa 15 ýyl mundan ozalky bilen deň, ýagny minutda 180 – 200 söz. Ähli gelýän hatlary, gazetleri, žurnallary gündelik okamak şugünki günde 15-20 sagat wagtymyzy alar, şonuň üçinem okamyzok.

Okamaýanymyz üçinme işimizde üstünlik gazanyp bilemizok. Xerox firmasynyň berýän statistikasyna görä bir profesional işewüriň diňe dünýäde gündelik bolýan esasy wakalary yzarlap durmagy üçin 1 aýda azyndan 1 milion sözi gözden geçirmeli bolýar.

ABŞ-de 2001-nji ýylda 1.4 trilion e-poçta ýazylýar, ýöne ondan 6 ýyl öň bu san 40 miliard. Ýagny 6 ýylda 3500% artýar. 2015-nji ýyldaky iberilen e-poçta sanyny göz öňüne getirip hem bilmeris.
Näme etmeli?

Aňsatjak, tiz okamany öwrenmeli ???? Bu diňe işewürler üçin däl eýsem, mugallymlar, okuwçylar, kitap okamagy söýýän beýleki okaýyjylar üçin hem gerekli. 19.asyrda ýaşaýan bir adamyň bütin ömrüne okan maglumatlaryny jemleseň, bugün Türkmenistan gazediniň 1 aýlyk maglumatyna deň.

Nädip tiz okamaly?
Tiz okamak üçin her hili maşklar bar, fiziki we psihiki etmeli zatlar bar. Tiz okamak üçin gözüň hereketlerini tizlendirmeli, agzyň bilen seslendirmegi bes etmeli, okaýan sözlerimizi göniden göni beýine geçirmeli, sözleri ýeke ýekeden dälde iki-ikiden, üç-üçden, soňa baka setir okap, paragraf okap dowam etmeli. Bize mekdepde okamany öwredenlerinde sözme – söz we daşyňdan okap öwretdiler. Daşyňdan seslendirip okasaň ýokary çägi minutda 250-260 söz.

Maşklary doly ýerine ýetirip 1 aý, ýada has gysga wagtyň içinde okama tizligiňizi minutda 1000-1500 söze çenli çykaryp bolýar. Edil şuwagt meniň özüm minutda 600 – 650 söz okaýaryn. Ýokarysy hem ýetip bolmajak zat däl.

Okuwçylar üçin tiz okamany öwrenmek örän peýdaly, günde 1-2 sagat okuwa taýýarlanýan wagtyňy 40-45 minuda çekip bolýar. Hepdede 7-8 sagat özüňe wagt aýyryp bolýar, ekzamenlerdeň öň ukyňy alyp bilmän kösenip ýörmek hökman däl, temany has tiz okap has tiz öwrenip bolýar.

Telewizora kompýutere seretmek bilen gözümiz bir nokada seredip öwrenişen, şonuň üçin ilki bilen gözüň görme meýdanyňy giňeltmeli. Standart görme meýdanymyz 3-4 santimetr. Seretýän ýerimiziň 3-4 santimetr bölegini jikme-jik görüp bilýäris we görenlerimize düşünip bilýäris. Bu meýdany giňeldip has köp sözi birlikde okamaga endik etmeli.

Käbir maşklar:
1. Kelläňizi gymyldatman saklap, görüp boljak iň çep nokada seretmeli we 10 sekunt saklamaly, sag nokada hem şeýle etmeli. 40 sekuntlyk periodlar bilen günde 5-6 gezek gaýtalamaly
2. Bir A4 kagyzyň ortasyna gara galam bilen 4 santimetr diametrli bir tegelek çyzyň we gözüňizi gyrpman bu tegelege serediň. Näçe köp garaşyp bilseňiz şonça garaşyň.
3. Bir galamy alyň we ujuna seredip galamy uzaklaşdyryň we ýakynlaşdyryň, ujundan gözüňizi aýyrmaň.

Bular fiziki tarapdan gözüňi tiz okamaga taýýarlamak üçin käbir maşklar.

Üstünlikler!

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz