Saz guralyny çalmaklyk – okuwa bolan höwesi ýokarlandyryp bilýär0

04.22.2010

Ýakynda çap edilen hasapda, çaganyň başlangyç mekdebinde islendik sazçylyk guralynyň öwredilmegi, onuň diňe bir sazçylyga däl-de şeýle hem beýleki ugurlar boýunça zehinini artdyrýar diýip aýdylyp geçilýär.

Angliýanyň maliýe serişdelerini goýberýan on sany mekdebiň içinde dokuz mekdepde  mugallymlar we okuwçylar bilen sorag-jogap geçirilende, okuw meýilnamasy boýunça täze girizilen saz guralyny çalmak sapaklary ep-esli derejede okuwçylaryň okuwlaryna täsir etdi.

Köp mugallymlaryň pikirlerine gorä, täze okuw meýilnamasy okuwçylaryň okuwa bolan garaýyşlaryny pozitiwleşdirdi hem-de beýleki sapaklara bolan höweslerini güýçlendirdi.

Bu täze girizilen okuw meýilnamasy Angliýanyň, Uelsiň we Irlandiýanyň 6500 mekdeplerinde geçirilýär.

Angliýanyň, Uelsiň we Irlandiýanyň  sorag-jogap geçirilen 1389 mekdep müdirleriniň we başlangyç mekdepleriniň mugallymlaryň takmynan 97%  tassyklaýarlar,  okuwçylar sabyrsyzlyk bilen sapaklara garaşýardylar, şeýle hem olar saz guralyny çalmagy gowy görýädiler.

Çagalar,mekdepler we maşgalalar bilen işleýän guramanyň başlygynyň aýtmagyna görä, çagalaryň saz gurallaryny çalmaklary – eşidişini hem-de ünsüniň, tertibiniň we gatnaşyk ukyplaryny ýokarlanmagyna uly höwes döredip bilýär.

Ýazan: Muhammet Batyrow

Çeşme: http://educationtop.ru

Jogap ýaz