Ýaponlar “tüssesiz” çilim döretdi.0

03.29.2010

Ýapon Tobacco şereketi “Zerostyle Mint” atly tüssesiz çilim döretdiler. Ýanmaýandygy we tüsse çykmaýandygy üçin ne çakmak ne kükürt gerek we ýerlere izmarit dolmasyna sebäp bolanok. Plastiki bir silindiriň içinde bolan fütüristik* çilim, içňe çeken wagtyň, öýkenlere ys iberýär.

Şereketiň beren maglumatyna görä, halka açyk ýerlerde adamlary birahat etmek islemeýän çilimkeşler üçin döredilendigini nygtalýarlar. “Bu, doly aýdylanda täzeçe çilim çekme görnüşi” – diýildi.

Çilimi çekmek üçin silindire ýerleşdiriljek nikotinli ujyň biriniň bahasy 100 ýen (3 manat) bolar. Bir ujyň, ýarym güne ýetjekdigi çaklanýar.

*fütüristik – öz wagtyna görä öňdengörüjilikli.

Ýazan: Azat Rahmanow

Jogap ýaz