Türkmenistanda e-söwda we geljegi – 10

01.24.2016

Ýurdumyzda internediň ösmegi we ýaýramagy bilen, hemmä mälim boljak soraga jogap gözlenilip başlandy: “internetden nädip pul gazanmaly”.

Pul gazanmak diýilende ilki bilen kellä gelýän zat elbetde söwda. Söwdanyň bereketi barada ata-babalarymyz hem köp ýerde belläp geçipdirler, türkmen halkymyz ryzkynyň 10-dan 9 böleginiň söwdadadygyna ynanýar.

Tehnologiýanyň ösüşi elbetde bazarlara hem täsirini ýetirdi. Käbir ýurtlarda adamlar magazinlaryny ýapjak derejesine çenli geldi, halk internetden söwda etmäge öwrenişdi. Bizde elektron söwdanyň (e-söwda) taryhy 2006-njy ýyllary görkezýär. Şol wagtlar ilkinji e-söwda saýtynyň üstünde işlendi, ýalňyşmasam ady “prodayotsa” bolmaly. Ýöne ol döwürlerde dial-up bilen internete baglanylýan döwür bolany üçin açmak işletmek mümkin görünmedi we şeýlede galdy. Mail.ru Agent ulanýan adamlary sanamasak şol döwürlerde internede düşünip ulanýanlaryň sany gaty azdyr.

Şeýlelik bilen 2009-njy ýyllarda ýene bir-iki saýtyň üstünde işlendi beta (barlag) wersiýasy hem çykaryldy. Ol ýöne “Customer to Customer” ýagny “Müşderiden müşderä” diýilýän sistemada işledi. Müşderi öz harydyny başga bir müşderä satyp bilýärdi. Ol hem köp wagt işlemedi, sebäp ýene mälim, internet ulanyjy sanynyň azlygy. Ýöne şol döwürde açylan “vestniktm” ady bilen ýöreýän “Müşderiden müşderä” sistemasynda işleýän saýt häzir hem bar.

Dünýädäki mysaly “e-bay”-a meňzeş diýsek hem bolýar.
2009-njy ýylyň soňlarynda, şuwagtky döwürde elektron söwdanyň Türkmenistandaky iň uly bölegini saklap oturan saýtlaryň biri “Eyesinden.com”-y açdylar. Türkmenistanyň uly bolmadyk bu internet söwda ulgamy üçin gowy başlangyç etdiler. Amerikada düýbi tutulan bestbuy.com-yň ýoly bilen ýöreýärler. 2011-nji ýyllarda bu saýtyň admini bilen geçirilen gürrüňdeşlige gabat geldim internetde, Joshua Foust atly bir žurnalistiň makalasy. Ol ýerde şol döwürde (2011 ý) saýta girýänleriň 50%-i Türkmenistandan, esasy bölegi hem Aşgabatdan diýip ýazýar. Bu saýt häzir hem işleýär.

Bulardan başgada köp saýtlar açyldy az wagt işledi we ýapyldy. Belkem ilat sanyny we internet ulanyjy sanyny göz öňüne tutman işe başlanyp, garaşylýan girdeýji bolmansoň ýapylan bolmagy mümkin. 2014-nji ýylyň ahyrlarynda “Bazar.tm” (eyesinden-e konkurent) we “Catalog.tm” (baha deňeşdirilýän saýt) ýaly saýtlar hem açyldy.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz