Türkmenistanda e-söwda we geljegi – 20

01.24.2016

Türkmenistan elektron söwdasyna öňümizdäki 2 ýylyň içinde doly öwrenişmegi mümkin. Şu wagtky döwürde uly firmalaryň höwesjeňlik bilen başlan e-söwda işinde netije görüp bilmeýänligi üçin durgun ýöreýär. Täze açylan 1-2 ýaşyndaky e-söwda saýtlary arkasyndaky firma güýji bilen dowam edýärler. Özi aýratyn diňe bu iş bilen meşgullanýanlar bolsa köp ýyllardan bäri işläp ýörenler bolmasa ählisi diýen ýaly şuwagt bu bazardan çekildi.

Täzelikde TürkmenÄlem 52 emeli hemrasy uçurylanyndan soň halkyň arasynda internet sözi köp agzalyp başlady, firmalar we e-söwda ulgamyna düşünýänleriň ählisi diýen ýaly bu işi etmek üçin herekete geçdi ýa-da hyýallanyp başlady. Line programmasynyň üsti bilen herkimiň reklamalary köpelip başlady. Elektron söwdanyň iň aňsat we kiçi böleginden herkim bildiginden işe başlady, line üsti bilen köp söwda edýänler harytlaryny satýanlar köp. Elbetde Line-dan gelýän sms reklamalardan ýadap gruppalary blokda saklaýanlaryň sany hem az däl. Men hem şolardan biri :), dogryda walla uzak günümi reklama okap geçirmeli bolýar, tüweleme resmi grupplar göpelip gitdi, azajyk adam üýşürip bildigi derrew sms zyňyp başlaýarlar. Peýdaly maglumat berse, ýada öz harytlaryny reklama etse ýene ýagşy, ýöne bular başga bir gruppadaky ýazylan zada like goýmagy haýyşt edip bimaza edýäler. Professional işleýänleri bulardan saýlamaly bolýar adamlar. Professional işleýän hatda öz işlerini sargytlaryny doly linedan alyp söwda edýänler hem köp.

2005-nji ýyldan şu günümize çenli gelen ýolumyz we netijämiz Mail.ru Agent bilen internede girip başladyk, WeChat bilen dowam etdik we bugün bolsa Line bilen ýaşaýarys. Statistiki maglumat tapmak kynyrak ýöne uzak ýyllardan bäri Türkmenistanyň internet ulgamynyň ösüşini yzarlap gelýänim üçin takmynan aýdyp biljek zatlarym bar. Meselem 2005-2006-nji ýyllarda dialup bilen internet ulanylýan döwürler, web saýtlaryna girmek örän kyn, el telefonlary hem ol döwürde kiçi ekranly we girilýän web sahypalaryň ebti agyp giden görnüşde çykýardy, mobil tehnologiýasy doly ornaşmadyk. Şonuň üçinem internet ulanýan türkmenleriň 10% brouzerden web saýtlary ulanmagy başarýardy. Şu günki günde bu san 60-70%-e barandyr diýip çaklaýaryn. Ony hem halka açyk paýlaşany üçin eyesinden.com-yň giriş statistikalaryny tapyp bildim we şol ýerden çaklaýaryn.

E-söwdanyň ösmegi üçin aşakda gazalan zatlar düzelmeli diýip pikir edýärin:

  1. Elbetde ilkinji nobatda internetiň bahasy.
  2. Internet tizligi (TMCell bu problemany 4G tehnologiýasy bilen çözdi ýöne 3G niň barmadyk ýerleri hem köp.)
  3. Poçta-Kargo sistemasyny tizlendirmeli.
  4. Töleg sistemasy (Banklar üstünde işleýär, ilkinji ädimi ätdiler, magazinlara kartdan töleg kabul edip bilerler ýaly terminaljyklar goýulyp başlandy.)
  5. Bazaryň bahasyny kontrolda saklaýan edaralar has täsirli işlemeli.
  6. Original we ýasama harytlary tapawutlandyrýan lisenziýalar goýmaly.
  7. Döwlet tarapyndan maliýe kömegi :)

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz