Bütindünýä kerebi, faýyllar arhiwleri0

04.27.2011

Bütindünýä kerebi diýmek iňlisçe ýazylan World Wide Web, gysgaçasy WWW ýa-da Web sözleriň türkmençesidir hem-de Internetde peýdalanylýan maglumatlara girmegiň sistemasydyr. Internetden peýdalanyjy tekstler, grafikler, salgylanmalar we ş.m. ýerleşdirilen informasiýalaryň sahypalaryna (pages) elýeter edilýär. Internet sahypalara seretmegiň grafik programmalary (graphical browsers programs, brauzerler) bir sahypadan beýleki sahypa geçmagi syçanyň peýkamyny basmak bilen üpjün edýär. Internetde islendik açylan sahypadan beýleki sahypalara, hatda ol ýerde salgysy berlen Web-saýtlara, resminamalara hem geçip bolar. WWW sistema köpsanly programma-serwerlerden durup, olar WWW-tehnologiýany ýerine ýetirýän Web-serwerleridir. WWW tehnologiýalar boýunça döredilen resminamalara Web-sahypalary diýilýär.

Web-sahypalary döretmek gipertekstleri böüşdirmek dilinde-HTML-de (Hyper-Text Markup Language) ýerine ýetirilýär. HTML tehnologiýanyň esasynda adaty tekst resminamalaryň içinde dolandyryjy şekiller (olara tagi diýilýär) goýulýar, alnan tekst brauzerde seredilende Web-sahypalar görnüşinde bolar. Tegleriň kömegi bilen ýazgylaryň, şekilleriň, çyzgylaryň möçberini, şekilleriň reňkiniň, düşeginiň reňkiniň berip, sahypada testiň durmaly ýerini kesgitläp, gipersalgylar we ş.m. goýup bolar.

Web-sahypalarynda her hili multimediýa obýektlere (grafiki şekillere, şekillileri hereketlendirmäge, aýdym-saza we wideo) salgylanmalara berlip bilner.

Dinamiki HTML dili bilen döredilen Web-sahypalar brauzere ýüklenende üýtgäp biler, sözbaşylarynyň ýeri üýtgäp biler.

Umumy görnüşde WWW-tehnologiýa üç sany standarta esaslanýar:

1.URL(Universal ýa-da Uniform Resource Locator, resursynyň uniwersal salgysy)-ol Internet toruna elýeter maglumatlaryň ýerleşýän ýerine standart usulyny berýär.

2.Protokol HTTP(Hyper Text Transfer Protocol-giperteksti  ibermegiň protokoly)-ol informasiýalara elýeterligi üpjün edýär hem-de tor boýunça gipertekst resminamalary ibermäge mümkinçilik berýär.

3.HTML(Hyper-Text Markup Language-gepertekstleri bölüşdirmek dili) tekst resminamalary döretmäge mümkinçilik berýär.

URL özünde resminama girmegiň protokolyny özüne birikdirýär, ýagny resminamanyň ýerleşen ýeriniň domen ady ýa-da serweriniň IP-salgysy hem-de faýla ýol we faýlyň öz ady:protokol://domain_name/path/file_name.

Bu ýerde resminama girmegiň protokoly informasiýany ibermegiň usulyny kesgitleýär. Web-sahypalara girmek üçin HTTP protokol ulanylýar, ondan soň iki nokat goýlup, iki sany kese çyzyk-sleş ýazylýar:http:// .

 

Toýly Rozyýew – Ýolöten etrap 40-njy orta mekdebiň 10-njy “E” synp okuwçysy.

 

Jogap ýaz