com.tm, edu.tm we gov.tm domainleri0

01.25.2016

Birnäçe ýyldan bäri “gov.tm” domainleri Türkmenistanyň döwlete degişli edaralarynyň ulanýandygyny görýäris. Ýakyn wagtlarda Türkmentelekom uniwersitetler ýada bilim ulgamyndaky edaralar üçin “edu.tm” we ýuridiki şahslar üçin bolsa “com.tm” domainleri satmaga başlady. Bu ýerde ünsümizi çekýäni “com.tm”, diňe ýuridiki şahslar üçin berilýär. Meselem, telekeçiler, hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar bu domainlerden alyp bilýärler. “com.tm” domaini registrasiýa edip alan bir dostumdan maglumat aldym. Telekomyň öz saýtynda müşderileri kanagatlandyrýan maglumat goýulmandyr.

“com.tm” domain almak üçin nähili dokumentler gerek?

Gerekli dokumentler:
1. Ýurudiki şahsyýetiňi kesgitleýän dokumentler. Telekeçi üçin patent, hojalyk jemgyýetleri we ş.m üçin bolsa firma resminamalaryň kopiýasy.
2. Türkmentelekomyň başlygyna arza
3. Pasport kopiýasy
4. 3 arkaňy görkezýän kagyz
5. Şahsy maglumatlar kagyzy (Başgaýa aýdylanda CV)
6. Töleg kwitansiýasy

Giňişleýin maglumat almak üçin +993 12 955910 belgili telefona jaň edibermeli.

Ine bu döwli ýeri diýilýäni. Bahalary şeýleräk:

com.tm – 110 USD/ýyl + Abonent tölegi 10 USD/aýlyk
edu.tm – 54,50 USD/ýyl + Abonent tölegi 8,5 USD/aýlyk
gov.tm – 52,91 USD/ýyl + Abonent tölegi 8,34 USD/aýlyk

Eger bular üçin Host hyzmaty gerek bolsa onda 3 sany tarifda VPS (Virtual Private Server) hödürleýär. Eger kiçi bazaly saýtyňyz bar bolsa we Türkmenistanyň çäginde tiz işlemegini isleýän bolsaňyz bulardan birini almagy maslahat berýärin. Sebäbi serwerler ulanyjylara näçe ýakyn bolsa şonça tiz işlär. Uly göwrümli proýektleriňiz üçin gidip degişli işgärler bilen maslahatlaşyp bilersiňiz.

Hosting tariflaryny şu ýerden görüp bilersiňiz: http://online.tm/ru/Hosting

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz