Dr.Web – Wirusa garşy göreş0

05.31.2013

Dr.Web-anti-virus-6Göz öňünde tutmaly Töwekgelçiligiň faktorlary

Wiruslar kompýutere dürli ýollar arkaly düşüp bilýärle, meselem global ulgamy arkaly, disketalary we fleşkalary ullanmak arkaly. Wiruslaryň kompýutere düşmeklige örän zyýanlydyr, olar faýllaryň ýok etmekliginden başlap kompýuteriň işlemezligine getirip bilýär. Ýekeje zyýanlanan faýl arkaly kompýuteri we bütin korporatiw ulgamynyň zaýalanmagyna getirip biler.

Kärhanada wirusa garşy göreş sistemasy ornaşdyrylanda aşakdaky Töwekgelçiligiň faktorlary göz öňüne tutulýar:

– wirusa garşy göreşýän programmalaryň çäkli mümkinçilikleri

Häzirki döwürde ullanylýan wirusa garşy programmalara garşy täze wiruslary döretmeklik, ol bolsa wirusa garşy programmalary ullanylanda täze döredilýän wiruslar bilenPO-nyň gowşak ýerlerini goramaklygyny ýa-da keselemezligini kepillendirmeýär, sebäbi täze döredilen wiruslara garşy  programmalaryň wagtynda ornaşdyrylmadygy bilen bagly bolup durýar.

– PO sistemasynda (ulgamynda) gowşak ýerleriniň tapmaklygynyň ýokary derejeli  intensiwligi

PO  sistemasynda (ulgamynda)  ýok edilmedik (aýrylmadyk) gowşak ýerleri global ýa-da lokal ulgamynda wiruslaryň has ýokary derejeli köpelmegine getirýär. “Troýan” modulli wiruslar diňe ulgamyň işlemezligine getirmän, ol hem banklara degişli ulgamda bikanun (sanksirlenmedik) maglumatlaryň ogurlanmalaryň töwekgeçiliklerine getirp bilýär.

– Wirusa garşy programmalaryň we sistemalaryň ornaşdyrylandan soň ilki bilen barlagyny geçirmekligiň zerurlygy

Wirusa garşy programmalaryň we sistemalaryň ornaşdyrylandan soň barlaga geçirilmese onuň kompýuter sistemasy bilen gabat gelmezligi mümkindir,ol hem öz gezeginde işiň bozulmak töwekgeçiligini döredip bilýär. Şol wagt hem täze Wirusa garşy programmalaryň we sistemalaryň ornaşdyrylandan soň barlagy geçirilýänçe olaryň kompýuterde doly ornaşdyrylmagynyň wagtyny uzaldyp wiruslaryň ýüze çykmaklyk ýa-da wirus bilen kesellemeklik  töwekgeçiliklerini döredip bilýär.

– awtomatizasiýalaşdyrylan tehniki serişdeleriniň sistemalarynyň we programma üpjünçilikleriniň  köp dürliligi we  köp platformalylygy

Aýry wiruslaryň dürli platformalarda ýüze çykyp bilmekligi, korporatiw ulgamyndaky poçtalaryň üsti bilen wiruslaryň köpelip bilmekligi käbir platformalary üçin ýörite wirusa garşy programmalary ornaşdyrylmadyk ýagdaýynda umumy PO üçin ornaşdyrylan wirusa garşy programmalarynyň ähmiýeti pesdir ýa-da  asla ýokdur.

– şu wagtky döwür mobil serişdeleriň giňişleýin ullanylmagy, maglumatlar saklaýjylaryň bolmaklygy

Şu wagtky döwür mobil serişdeleri kärhananyň işgärlerine oturanýerlerinden özlerine degişli kompýuterarkaly Internet ulgamy bilen ullanmaklyk mümkinçilikleri döretmegi bilen, korporatiw ulgamynyň özüni we onda ýerleşen maglumatlary wiruslar bilen kesseemegeine uly mümkinçilikleri döredýär.  Başga maglumatlary saklaýjy serişdeleriň barlygy hem korporatiw ulgamyna bikanun (sanksirlenmedik halatynda) girmeklik mümkinçiliklerini döredip, barlanmadyk maglumatlaryň serişdelerden kompýuterlere we tersine kompýuterden maglumatlary saklaýjy serişdelere geçirmeklik wiruslaryň ýüze çykmaklyk töwekgeçiligini artdyrýar.

– wirusa garşy ähmiýetli göreşleri ayp barmak

Wiruslara garşy degişli ähmiýetli göreşleri alynyp barylmasa, ulgamyň, kompýuteriň wiruslar bilen kesellemegini has-da giňeldýär we gerekli maglumatlaryň bölekleýin ýa-da doly ýok etmekligne getirýär, şeýle hemwirusa garşy göreşiň gowşaklygy wiruslaryň doly aýrylmazlygyna ýa-da wirus bilen kesellänýeriň giňelmegine ýol berýär.

– wirusa garşy degişli hereketleriň meýilleşdirilmegi we wirus bilen kesellän maglumatlar ulgamynyň  gaýtadan dikeldilmegi

Awtomatizirleşdirilen bank ulgamynyň wirus bilen kesellemegi ýa-da öň ýüze çykan wiruslaryň degişli wirusa garşy programmalary bilen doly ýok edilmezligi gerekli maglumatlaryň ýitmegine ýa-da programma üpjünçiliginiň  gyşarnykly işlemekligine getirýär.

Ýokarda görkezilen göz öňünde tutmaly töwekgelçiligiň faktorlaryna garşy degişli işler geçirilen ýagdaýynda  önümçilik işine päsgelçilikleriň döremezligi üçin  ýüze çykyp biljek wiruslaryň töwekgeçilikleriň öňüne almaklyga we olary doly gözegçilikde saklamaga mümkinçilikler döreýär.

Dr.Web bukjasy

Wiruslara garşy göreşmek üçin Dr.Web Enterprise Suite bukjasy saýlanyp alyndy.  Bu bukja dürli göwrümdäki merkezleşdirilen korporatiw ulgamyny wirusa garşy gorap bilýär.  Şu wagtky döwürde  Dr.Web bukjasy  korpotiw ulgamlary üçin olaryňgöwrümine laýyklykda Dr.Web bukjasynyň tehnologik bazasy esasynda wirusa garşy merkezleşdirilen sistemasy bilen ornaşdyrylan ýeke-täk tehniki kompleksi bolup durýar. Dr.Web Enterprise Suite bukjasy administratora ulgam içinde işlän ýa-da Internet ulgamy arkaly işlän ýagdaýynda hem wirusa garşy programma bilen işleşmäge, degişli meseleleri çözmeklige mümkinçilik döredýär.

Esasy mümkinçilikleri:

Dr.Web Enterprise Suite bukjasy tarapyndan işleýiş stansiýalaryna çalt we ähmiýetli wirusa garşy bazalarynyň we programma modulleriniň ýaýradylamgy.

Beýleki öndürijiler bilen deňeşdirilende, Dr.Web Enterprise Suite bukjasynda IP, IPX we NetBIOS protokollaryny  ulanmak bilen ýörite kiçeltmek algoritmlerini ulanmak bilen, ulgamdaky trafiginiň kiçi bolmagy.

Administrator iş ornunyň (ýagny wirusa garşy  gözegçiligi etmeklik) islendik kompýuterden islendik amallar sistemasynda ýeine ýetiripbilmeklik.

Ulanyjynyň serweri we PO degişli esasy faýly, serwerde saklanýar.

Dr.Web skaneri grafikli interfeýsli. Ulanyjy tarapdan ulanylan faýllaryň käbirleriniň skanerini geçirip olaryň barlagyny geçirmek bilen olardan wiruslary aýyrýar.

SpIDer Guard rezident goragçysy (monitor). Faýl bilen işleýän döwürde wiruslary tapyp olaryýok edýär.

SpIDer Guard rezident goragçysy ähli poçta arkly gelýän POP3 protokolly we çykyş SMTP protokolly maglumatlaryň barlagyny geçirýär. Şeýle hem IMAP4 we NNTP protokolly işlerine geçirmeklige mümkinçilikleri dördýär.

Awtomalaşdyrylan täzelemeleriň utilitleri.  Ýörite wirusa garşy programma modulleriniň we bazalarynyň täzelerini ornaşdymak üçin işlerini geçirýär.

Işleriň meýilnamasyny düzýänçisi. Öz gezeginde belli birwagtyň dowamynda wirusa garşy programma modulleriniň we bazasynyň täzelemekligi üçin, wagtly-wagtlaýyn barlaglary geçirmeklik üçin  wagty tassyklaýar.

Windows 5.0-daky Dr.Web ýaňy ýüze çykan wirusa garşy göreşmegi başarýar we özüniň wiusa garşy güýji bilen tapawtlanýar. Dr.Webyň MaosBoot, Rustock.C, Sector wiruslara garşy göreşmäge mümkinçiligi bar. Öň hem bellenilişi ýaly Dr.Webiň tehnologiýalaryny göz öňünde tutsak  geljekde hem onuň ösüşi bellidir.

Dr.Web SelfProtect modullynda faýllaryň üýtgedilmegi, prossesleriň we goşundylaryň reýestr açarlarynyň doly gözegçiligi alynyp barylýar. Moduliň özi draýwer hökmünde ulgama ornaşdyrylýar we onuň bikanun duruzulmagy mümkin däldir.

Windows 5.0-da Fly-code-yň tehnologiýa taýdan  iň soňky görnüşi ulanylandyr, ol hem öz gezeginde Dr.Web tarapyndan zyýanly obýektler arhiwindaky wiruslary detektyrlaýar

Origins Tracing tehnologiýasy hem Dr.Webabelli bolmadyk zyýanlara garşy durmaklyga mümkinçilik döredýär. Bu tehnologiýanyň hem geljegi bardyr. Origins Tracing tehnologiýasy Dr.Webiň signatur gözleginiň we ewristik analizatorynyň goşundysy bolup durýar we öňden belli bolmadyk zyýanlyprogrammalaryň detektirlemek derejesini artdyrýar.

Şeýle hem “Doktor Web,Windows üçin dr.Web rutkit-tehnologiýalary ullanýan  wiruslary diňe detektirlemek dälde asla olaryň ýok bolmagyna getirýär. Windows 5.0-da Dr.Web Shield tehnologiýasynyň täze görnüşi ulanylýar, ol hem öz gezeginde  geljekgi rutkit-tehnologiýalary bilen görüşmäge mümkinçilikleri bardyr. Dr.Web dürli derejedäki arhiwlerşdirilen maglumatlaryň barlagyny geçirip bilýär. Arhiwleri barlamakdan başgada Windows 5.0-daky Dr.Web üçin faýllary birgezekden köp bolan bukjalara salnan ýagdaýynda  dürli bir näçe bukja salmaklyk  tehnologiýalary goşulandyr.

Windows 5.0-de Dr.Web üçin täzetehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen skaner prossesini tizleşdirdi. Dr.Web skaneri öňkisinden 30 göterim çalt operatiw sistemasyny, başga sektorlary, gaty diskleri we başga serişdeleri wirusa garşy barlamaga mümkinçiligi döredi.

Täze tehnologiýalaryň arasynda HTTP-monitory SpIDer Gate belläp geçmek zerurdyr. HTTP-monitory SpIDer Gate ähli giriş we çykyş traffiklarynyň barlagyny geçirýär, şol sanda ähli brauzerler bilen işleşip bilýär we kompýuterde işiň öndürijiligine hiçhili päsgelçilik döretmeýär,ýagny Internet ulgamy bilen işleşmek üçinonuň tizligine hiç hili täsiri ýokdur. Internet ulgamyndan glen ähli maglumatlar faýllar, apletler,skriptler filtrden geçirilýär, olhem öz gezeginde  kopýutere barlanan maglumatlaryň geçirmekligi üpjün edýär.

Dr.Web bukjasynyň barlagy

Korporatiw ulgamynda ullanmak üçin saýlap alynan Dr.Web-iň ähmiýetligini barlamak üçin, men birnäçe wiruslara garşy programmalary öwrendim we olar boýunça geçirilen barlaglar bilen tanyşdym.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde Dr.Web wirusa garşy programmasyna birinji orun berilýär. (antiwirus.ru saýty) (Goşundy G)

Virus Bulletin žurnaly bilen fewral aýynda wiruslara garşy programmalaryň arasynda geçirilen barlagyň netijesinde iň gowy wirusa garşy programmalaryň arasynda Dr.Web sekizinji orna eýe boldy. Dr.Web programmasy wajyp we tehnologiki derejesinde – ýagny çylşyrymly polimorf wiruslary ýüze çykarmaklykda  100 göterim özüstünligini görkezdi. Virus Bulletin žurnalynda polimorf wiruslaryny ýüze çykarmaklykda geçirien wirusa garşy programmalaryň arasynda  Dr.Web programmasy 2007-nji ýylyň ýanwar, iýul-awgust aýlarynda we 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda 100 götrim üstünlik gazandy. Bular ýaly üstünlikler bilen hiç bir başga wirusa garşy skanerleriňbiri öwünip bilmez.

100 göterim üstünligi Dr.Web programmasy şeýle hem makro-wiruslary ýüze çykarmakda hem gazandy.

Kasym Ýazlyýew

Tilsimat.NET Guramaçysy

Jogap ýaz