Dünýäde 1,2 milliard adam “Wi-Fi”-ni ulanýar0

05.20.2010

Dün­ýä­de 1,2 mil­liard ada­my­nyň In­ter­ne­te “Wi-Fi” sim­siz ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly gir­ýän­di­gi anyk­lan­dy. “Is-Stat” şe­re­ke­ti­niň ge­çi­ren bar­la­gy­nyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, “Wi-Fi” teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­ýan adam­la­ryň sa­ny­nyň ge­çen ýy­la ga­ra­nyň­da 47% kö­pe­lip, 1,2 mil­li­ar­da ýe­ten­di­gi bel­li bol­dy.Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň giň­den ýaý­ra­ma­gy te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa şe­re­ket­le­ri­niň hem ün­sü­ni çek­di. Şe­re­ket­le­riň bu ug­ra has köp ma­ýa go­ýum go­ýup baş­lan­dy­gy hem aý­dyl­ýar.
“Wi-Fi” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ýaý­baň­laş­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi hök­mün­de bol­sa, “akyl­ly” jü­bi te­le­fon­la­ry­nyň giň­den ýaý­ra­ma­gy­dyr hem-de not­buk komp­ýu­ter­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň ar­zan­la­ma­gy­dyr.

Bar­lag­da dün­ýä­de “Hots­pot” (“Wi-Fi” teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly In­ter­net hyz­ma­ty­ny ber­ýän ýer­ler) sa­ny­nyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 245 mü­ňe ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy hem nyg­tal­ýar. My­sal üçin, ABŞ-nyň “AT&T” şe­re­ke­ti­niň “Hots­pot” hyz­ma­tyn­dan gel­ýän gir­de­ji­si ge­çen ýy­la gö­rä 5 es­se kö­pe­lip­dir.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz