“Facebook” öz te­le­fo­nu­ny ön­dü­rmekçi0

09.28.2010

“Facebook” pi­kir al­şyl­ýan in­ter­net saý­ty öz te­le­fo­nu­ny ön­dü­rer. Bu ba­ra­da kä­bir ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri kom­pa­ni­ýa ýa­kyn çeş­me­le­re esas­la­nyp ha­bar ber­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, kom­pa­ni­ýa­da te­le­fon ön­dür­mek pi­ki­ri giz­lin sak­lan­ýar. Bu ha­ba­ry kom­pa­ni­ýa­nyň köp iş­gä­ri hem he­niz eşit­män­dir­.“Facebook” so­si­al se­ti komp­ýu­ter prog­ram­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. Te­le­fo­ny bol­sa te­le­fon ön­dür­ýän iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­ne bu­ýur­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. “Facebook” so­si­al se­ti dün­ýä­niň köp ýur­du­nyň adam­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­ýän in­ter­net saý­ty­dyr. “Facebook” so­si­al se­ti 2004-nji ýyl­da Mark Su­ker­berg ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Şol in­ter­net saý­ty­nyň üs­ti bi­len Mark Su­ker­berg 23 ýa­şyn­da dün­ýä­niň iň ýaş mil­li­ar­de­ri bol­dy. Il­ki­baş­da onuň dö­re­den web-sa­hy­pa­sy Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry ta­ra­pyn­dan ula­nyl­dy. Soň­ra ony Bos­to­nyň beý­le­ki uni­wer­si­tet­le­ri­ne hem ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. 2006-njy ýyl­da in­ter­net saý­ty dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de ulan­ma­ga baş­lan­dy. 2010-njy ýy­lyň 21-nji iýu­lyn­da “Facebook” so­si­al se­ti­ni ulan­ýan­la­ryň sa­ny 500 mil­lio­na ýet­di.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz