In­ter­net ha­kyn­da nä­me­le­ri bil­ýä­ris?…0

12.20.2013

Internet-3Me­ge­rem, hä­zir­ki wagt­da In­ter­net ha­kyn­da bil­me­ýän ýok­dur. Dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça ada­myň In­ter­ne­ti te­le­wi­zor­dan has köp ulan­ýan­dy­gy hiç ki­mi ge­ňir­gen­dir­me­se ge­rek. In­ter­ne­tiň ýola goýulmagy bi­len komp­ýu­ter äle­min­de köp üýt­geş­me­ler bo­lup geç­di… Ge­liň, go­wu­sy In­ter­net ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ryň kä­bir­le­ri­ne ser sa­la­lyň.

Hä­zir­kiza­man In­ter­ne­ti­niň göz­ba­şyn­da du­ran teh­no­lo­gi­ýa 1960-njy ýyl­da Mas­sa­çu­setes teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­tyn­da iş­le­nip dü­zü­lip­dir. In­ter­net ar­ka­ly ibe­ri­len il­kin­ji ha­bar “LOG” (“nä­me üçin”) diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. On­da ula­ny­jy öz lo­gi­ni­niň ýaz­ma­ça gör­nü­şi­ni ek­ra­na ge­çir­mek­çi bo­lup­dyr. Ýö­ne “G” har­py­nyň tut­ýan meý­da­ny­nyň uly bo­lan­dy­gy se­bäp­li, set bu ýaz­gy­ny gö­ter­män öçüp­dir. Ne­ti­je­de, ula­ny­jy­nyň bu ope­ra­si­ýa­sy ba­şa bar­man­dyr.

In­ter­ne­tiň ta­ry­hy öz­ba­şy­na dö­re­di­len sa­hy­pa sal­gy­sy (http://in­fo.cern.ch/hy­per­text/WWW/TheP­ro­ject. html) bi­len bag­ly­dyr. On­da “World­Wi­de­Web” ýaz­gy­sy ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir. Gys­gal­dy­lan gör­nü­şin­de biz bu mag­lu­ma­ty “www” di­ýip bil­ýä­ris. On­da şeý­le-de, sa­hy­pa dö­ret­mek ba­ra­da­ky sar­gyt­lar hem ýer­leş­di­ri­lip­dir.

In­ter­net­de ula­nyl­ýan smaý­ligiň ta­ry­hy örän ýö­ne­keý­dir. Duý­gy­ny be­ýan ed­ýän smaý­lik il­kin­ji ge­zek 1979-njy ýyl­da Ke­win Mak­ken­zi ta­ra­pyn­dan ibe­ri­lip­dir. Ol şeý­le – “-)” gör­nü­şde bo­lup­dyr. Ga­ty bir ýüz keş­be meň­ze­män­soň, üç ýyl soň­ra Skott Fehl­man ta­ra­pyn­dan ol az-kem üýt­ge­di­lip­dir “ :– ) ”. Hä­zir­ki wagt­da hem Fehl­ma­nyň dö­re­den smaý­li­gi giň­den ula­nyl­ýar. Ýa­po­ni­ýa­da hem ula­ny­jy­lar smaý­lik­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ulan­ýar­lar. Ola­ryň smaý­lik­le­ri öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar (~~~?, ^?^)

Ha­bar­laş­mak üçin ula­nyl­ýan web ka­me­ra­la­ryň il­kin­ji­si Kemb­rij uni­wer­si­te­ti­niň komp­ýu­ter la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da otur­dy­lyp­dyr. Bu ka­me­ra­nyň ýe­ke-täk mak­sa­dy ko­fe gaý­na­dy­jy­da­ky kö­fä­niň gu­tar­yp gutarmandygyny gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr.

“mp3” for­ma­ty­nyň 1991-nji ýyl­da dö­re­di­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 1998-nji ýy­la çen­li bu for­mat­da­ky aý­dym­la­ry bi­rek-bi­rek bi­len paý­laş­ma­ga hiç hi­li müm­kin­çi­lik bol­man­dyr. Bu ugur­da­ky il­kin­ji In­ter­net ser­wi­si “Naps­ter” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Şon­dan soň aý­dym-saz muş­dak­la­ry­nyň In­ter­net ha­kyn­da­ky pi­ki­ri düýp­gö­ter üýt­gäp­dir.

In­ter­ne­tiň iň iri göz­leg saý­ty bo­lan “Go­og­le”-niň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, hä­zir­kiza­man In­ter­ne­ti 5 mil­li­on te­ra­baýt ha­ba­ry öz içi­ne (1 te­ra­baýt – 1024 gi­ga­baýt) alyp, onuň di­ňe 0,04 gö­te­ri­mi iş­jeň ýag­daý­da ula­nyl­ýar. In­ter­net­dä­ki ha­bar­la­ry “Blu-Ray” gör­nü­şin­dä­ki disk­le­riň 200 mil­lio­nyn­da ýer­leş­di­rip bol­ýan­dy­gy­ny bil­mek gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.

Il­kin­ji In­ter­net ma­ha­ba­ty 1994-nji ýyl­da peý­da bo­lup­dyr. Hä­zir­ki çap edil­ýän ma­ha­bat­lar­dan hi­li taý­dan bir­jik­-de pes bol­ma­dyk ma­ha­bat sa­hy­pa­sy “you will” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, on­da ady­bir kom­pa­ni­ýa­nyň ha­ryt­la­ry ma­ha­bat­lan­dy­ry­lyp­dyr.

247 mil­li­ar­da ba­ra­bar gün­de­lik ug­ra­dyl­ýan elekt­ron hat­la­ryň (e-ma­il) 81 gö­te­ri­mi ge­rek­me­jek ha­bar­lar­dan yba­rat­dyr (spam).

In­ter­ne­te gün­de dür­li ug­ra de­giş­li bo­lan wi­deo­şe­kil­le­riň 20 sa­ga­da ba­ra­ba­ry ýer­leş­di­ril­ýär. In­ter­net­de ýer­leş­di­ri­len il­kin­ji wi­deo­şe­kil “Men haý­wa­nat ba­gyn­da” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr.

Çeşme: http://bit.ly/190zPP5

Jogap ýaz