Tö­leg­siz in­ter­net­de il­kin­ji ädim0

01.29.2016

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp şä­he­rin­de jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de tö­leg­siz in­ter­net hyz­ma­ty be­ril­ýär.

Em­ma ilat­ly no­kat­lar­dan uzak­da­ky ýer­ler­de hem ara­gat­na­şy­gyň bu ug­ru­na ze­rur­lyk du­ýul­ýan ma­ha­ly bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­lar­da in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mek üçin “Facebook” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy­la­ryň bi­ri Mark Zu­ker­berg şeý­le tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. “In­ter­net.org” at­ly bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mek üçin ho­wa ulag­la­ryn­dan peý­da­la­ny­lar. Ol tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat et­jek il­kin­ji uça­ryň do­lu­ly­gy­na taý­ýar­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Zu­ker­ber­giň aýt­ma­gy­na gö­rä, “Aquila” at­ly ho­wa ula­gy Gün ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­nyp, in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mek üçin iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Ga­na­ty­nyň giň­li­gi “Boeing – 737” uça­ry­nyň­ky bi­len de­ňe­çer bo­lan “Aquila” ag­ra­my bir ulag­dan ýe­ňi­l­räk. Şeý­le hem uçar bir ge­zek ho­wa gö­te­ri­len­den soň­ra, bir aý­lap ýe­re gon­maz­dan he­re­ket edip bil­ýär. Zu­ker­berg dün­ýä­niň 10 gö­te­ri­min­de in­ter­net üçin inf­rast­ruk­tu­ra­nyň ýok­du­gy­ny şu­lar ýa­ly ýer­le­re in­ter­net hyz­ma­tyny hö­dür­le­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy.

Çeşme: http://goo.gl/bMtLBT

Jogap ýaz