Türkmenistanda iň köp ulanylýan web sahypalary0

01.23.2016

Türkmenistanda ulanylýan we türkmen dilinde öz ugry boýunça iň meşhur web saýtlaryny gysgaça analiz edeliň. Internet ulanyjy sanyna görä ady belli bolanlar azyrak. Täze gowy proýektler hem çykýar, öňkülere görä has gowulary hem bar ýöne uak ýyllaryň dowamynda reklamasy ýeten bir web saýtyň yzyndan ýetmek üçin onuň geçen ýollaryndan geçmeli bolýar.
Bu maglumatlar we analizler nämä görä edildi?
1. Web saýtyň ýaşy
2. Maglumat täzelenme ýygylygy
3. Tehniki tarapdan özgertme ýygylygy
4. Halkyň arasynda ýa-da sosial ulgamlardaky gürrüňler
5. Türkmen dilinde bolmagy

Sosial blog: ertir.com
Köne ady teswirler.com, Türkmenistanyň ilkinji sosial blog saýty. Köp ýyllardan bäri Türkmenler arasynda ulanylýar. Her temada çekişmeler, gyzykly maglumatlar, mikroblog we ş.m mümkünçilikleri bar. Ertir.com ady bilen 2011-nji ýylda işläp başlady. Maglumatlar gündelik täzelenýär, agzalar arasynda gündelik ýazgylar ýazylýar. Dizaýny täzelendi, tehniki tarapdan dowamly seredilýär.

Bildirişler: vestniktm.com
Doly türkmen dilinde bolmasada, C2C (Customer to Customer) Müşderiden müşderä diýilýän görnüşde, Türkmenistanyň içinde iň köp ulanylýan web saýtlaryň biri. Ulanan zatlaryňyzy, ýada täze harytlaryňyzy, jaý, awtoulag we ş.m almak satmak üçin ulanylýar. 2008-nji ýyllarda açylan web saýt. Içindäki maglumatlar dowamly täzelenýär. Tehniki tarapdan hiç hili özgerme ýok, açylan günündäki ýaly dowam edýär. Bu tarapdan seredeniňde baly peselýär, ýöne şuwagtlykça alternatiwi ýok.

E-söwda: eyesinden.com
Türkmenistanda internet magazin diýilip atlandyrylýar. B2C (Business to Customer) Biznesden müşderä diýilýän görnüşde işleýän ilkinji açylan saýt. Täze harytlar satylýar. Türkmenistanyň içine eltip berme hyzmatlary bar. Türkiýeden sargasaň, ol ýerede eltip berme hyzmatlary bar. 2009-2010-njy ýyllarda açyldy. Içiniň maglumatlary, bahalary dowamly täzelenýär. Dizaýny hem 1 ýyl mundan oň täzelendi. Türkmenistanyň içindäki bazar bahalaryny bilmek üçin, daşary ýurtdaky türkmenler hem ulanýar.

Dil-Edebiýat: enedilim.com
Enedilim.com 2011-nji ýyllarda açyldy, Türkmen diline degişli ýazuw düzgünleri, sözlükler, kitaplar bar. Tehniki tarapdan seredeniňde düýpli özgerme bolmasada saýtyň işleýişi we ulanylan web tehnologiýasy täze. Içindäki maglumatlar hem täzelenýär.

Saglyk: saglyk.info
Bu web saýt hem iň könelerden biri. 2011-njy ýyllarda açyldy. Içindäki maglumatlar dowamly täzelenýär. Saglyga degişli örän gymmatly maglumatlary paýlaşýar. Ol ýeren saglyga degişli žurnallary hem alyp bolýar. Tehniki tarapdan seredilende açylan wagtyndan bäri üýtgeme ýok. Saýtyň dizaýnyny täze web tehnologiýalaryna görä özgertmeli.

Aýdym-saz: saylanan.com
Bu aýdym-saz ulgamynda köp web saýtlar açyldy, saylanan.com 2014-nji ýylda açyldy we gysga wagtda her hili reklama ideýalary bilen özüni tanatdy. Içiniň maglumatlary täzelenýär ýöne gynansakda ulanýan tehnologiýasy köne. Bu ulgamda iň ir açylanlardan biri tmhits.com, ony ýazmadygymyň sebäbi web saýtyň täzelenmän duranlygy we tehnologiýasynyň hem köneligi. Bu babatda iň täze tehologiýa bilen owadan dizaýnda täze açylan jadyly.com bar ýöne entek onuň abraý gazanmagy üçin azajyk ýoly bar.

Habar-portal: turkmenportal.com
Bu web saýt täze açyldy ýöne täze bolmasyna garamazdan Türkmenistanyň içindä herektde. Özleriniň aýdyşyna görä hususy we resmi habar gullugy. Şu günki günde Türkmenistana degişli täze habarlary turkmenistan.gov.tm den okaýarys. Ýöne bu portal hem işe batly girdi. Doly özüni tanatmasy üçin wagty bar, başga alternatiwi edil şuwagtlykça ýok diýseňem bolýar.

Awtoulag: tmawto.com
Awtomobil aluw-satuw üçin köpden bäri işleýän web saýt. Içiniň awtoulag bazasy azyrak, ýöne täzelenýär. Tehniki tarapdan hem seredilýär, ýakyn wagtda dizaýnda üýtgetmeler girizildi. Domain ýaşy 2007, şol ýyllarda hem açykdy web saýt.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz