Web dünýäsiniň “Atalarynyň” çagalyk döwri1

01.17.2012

Günde ýygy-ýygydan girýän internet saýtlammyzyň aslynda gün-günden durky üýtgeýär.  Ýöne biz bulary bilmänem galýas.
Ýyl ýyldan ösdürilen bu saýtlaň, açylan döwürleri nähilidigini, näme meňzeýändigini köpimiz bilýänem däldirs.
Geliň bilelikde dünýäň iň uly/meşhur 6 internet saýtynyň açylan döwründäki Ýagdaýlaryna we Gurujylaryna göz aýlalyň.

1- Facebook

2004-nji ýylyň Fewral aýynda, Mark Zuckerberg hem dünýäde mundan  beýläk nämeleň boljakdygyndan bihabardy.

Facebook, ýa-da Thefacebook diýsegem bolar,  Zuckerberg tarapyndan diňe Garward Uniwersitedindäki okuwçylary duşuşdyrmak üçin ýasalypdy. Emma häzirki wagtda bütin dünýäde 800 milion ulanyjysy bar.

 

 

 

 

 

2- Google

Google bezegi taýdan kän üýtgeşiklige sezewar bolmasada, işjeňliginde ullakan özgerişler boldy.

Stanford-yň okuwçylary bolan Sergey Brin we Larry Page tarapyndan  1998-iň 4-nji Sentýabrynda hyzmata başlan

Google-yň bezegi diýseň ýönekeýdi.
Sebäbi gurujylar HTML kodlaryny bilmänligi üçin, taslamany tiz wagtda gutarmak isläpdirler.

 

3- YouTube

Göräýmäge boş we içinde wideoň bardygyna-da meňzemeýän bezegi bilen-  2005-de çykan YouTube, “Charlie Bit My Finger” we “Sneezing Panda” ýaly hit widýolary bize hödürläpdi.

Saýta ilkinji ýüklenen widyo bolsa, gurujylarynyň biri bolan  Jawed Karimyň  “Me At The Zoo” atly widýosydy.  Klip 19 sekuntlykdy we  San Diego Haýwanat bagynda pilleň öňünde Jawedi görmek mümkindi.

 

 

4- Yahoo

Yahoo yene-de  Stantfordly oglanlar:  Jerry Yang we David Filo tarapyndan ýasalypdy we Google dünýä inmänkä iň köp ulanylýan Gözleg motorydy.

Yahoo sözi ,”Yet Another Hierarchical Officious Oracle”iň gysgaltmasydyr.

Saýt 1995-nji ýylda,  Internetiň Ilkinji Saýtlararasy Gezelenç  Ýolbeledi, şygary bilen işe başlapdy.

 

 

 

5- Amazon

Internetde söwda diýlende ilkinji ýada düşýän saýtalaň birem Amazon.com-dyr.

1995-nji ýylda açylan wagtlary, Internet üsdünden Kitap satyp başlan bu saytda,  häzirki günde guşuň süýdünden başga zady tapmak bolýar.

Saýtyň gurujysy Jeffrey Bezos saýtyň adyny Amazon derýasyndan alandygny  aýtýar.

 

 

6- Twitter

Suratda görünýän Twitteriň ilkinji nusgasy, Jack Dorsey tarapyndan 2006-njy ýylyň Iýul aýynda taýýarlanypdy.

Saýtyň adyna ilki Twttr goýmak meýilleşdirlipdi.

Munuň sebäbi  Flickr we SMS yazgylarynda ulanylan gysgaldylan sözlere meňzemekdi.

 

 

 

 

  1. Атамырат

    09.11.2012

    совещание

    Jogap ber

Jogap ýaz