WWW brauzeri bilen işlemek0

05.05.2011

WWW müşderi maksatnamasyny Web-brauzer diýip atlandyrylýar.Şeýle maksatnamalaryň biri  hem Internet  Explorer  maksatnamasydyr. Web brauzerler  Internetiň maglumatlar çeşmesine peýdalanyjylaryň ýüzlenip bilmegini üpjün edýärler .Peýdalanyjy  diňe bir Web-sahypalara däl, eýsem FTP faýl arhiwlerine hem ýüzlenip bilýär. Aragatnaşyk wagtynda (on-line düzgüninde) brauzer serwer maksatnama bilen özara baglanyşyp, oňa peýdalanyjynyň belli bir resursa bolan talaplaryny ýetirýär. Eger resurs tapylan bolsa, onda brauzer onuň peýdalanyjynyň kompýuterinde kabul edilmegini, ekerenda gözden geçirilmegini  üpjün edýär we kabul edilen maglumaty diske ýazmaga, printerde çap etmäge ýardam berýär. Off-line düzgüninde brauzeri ýazylan  Web-sahypalary, dürli görnüşli grafiki faýyllary gözden geçirmek üçin ulanyp bolýar.

Brauzer iki görnüşli maglumatlar bilen işleýär: URL-salgy, kabul edilen  faýyllar. Web-sahypalar brauzeriň işläp bilýän maglumatlarynyň esaslarynyň biridir. Web-sahypa HTML(Hyper Text Markup Language-Язык Разметки Гипертекста-Giperýazgyny ýerleşdirmegiň dili) formatly faýl. Ol ýazgylary, dolandyryjy buýruklary (tegleri) saklaýan ýazgy faýldyr. Tegler ýazgyny formatlaşdyrmak, gipersalgylanmalary gurnamak, desgalary goýmak, peýdalanyjy bilen gatnaşygy gurnamagy amala aşyrýan görnüşleri döretmek üçin ulanylýar. HTML formatly faýlyň mazmunyny ýönekeý ýazgy redaktory (mysal üçin, ýazgy depderçesi) bilen görüp bolýar.

1.Internet  Explorer maksatnamasy. Internet  Explorer   maksatnamasyny işe girizmek üçin birnäçe usullardan peýdalanyp bolar. Olaryň birnäçesini görkezeliň:

1.Windows operasiýa ulgamynyň Baş menýusynyň Программы bölüminiň sanawyndan Internet Explorer setirini saýlamaly.

2.Eger Windows operasiýa ulgamynyň iş stolunda Internet  Explorer  maksatnamasynyň belgijigi bar bolsa, onda onuň üstünde syçanyň çep düwmesini iki gezek çalt-çaltdan basmaly ýa-da syçanyň sag düwmesini bir gezek basyp, kontekst menýunyň Открыть  bölümini saýlamay.

Maksatnama işe girizlen wagty ekeranda onuň penjiresi peýda bolýar. Bu penjirede, köplenç, haýsy hem bolsa bir Web-sahypasy görkezilýär. Oňa “Öý sahypasy” hem diýilýär.

Internet  Explorer   maksatnamasynyň penjiresiniň ýokary sözbaşy setirinde açylan Web-sahypanyň ady getirilýär. Maksatnamanyň menýusy ikinji setirde bolup, indiki setirlerde bolsa gurallar paneli we salgylary setri ýerleşýär. Gurallar paneli köp ulanylýan hereketleri ýerine ýetirmegi ýeňilleşdirýän buýruk düwmelerini saklaýar. Penjiräniň iň aşaky setri, hal-ýagdaý setridir. Penjiräniň esasy bölegini açylan Web-sahypanyň mazmuny tutýar.

2. Internet  Explorer   maksatnamasynyň buýruklary. Maksatnamanyň buýruklary barada gysgaça belläp geçeliň:

-WWW çeşmelerini talap ediji buýruk. Ol on-line düzüninde ýerine ýetirilýän buýruklaryň esaslarynyň biridir. Ol serwer resursynyň URL-salgysynyň berilmegi bilen amala aşyrylýar. Onuň üçin birnäçe usullar bar:

-salgy setirine doly we takyk salgyny klawituradan girizip, ENTER ýa-da Goto düwmesini basmaly

-öň girizilen salgylaryň açylan sanaw meýdançasynda getirilen sanawyndan gerekli salgyny saýlamaly;

-açylan Web-sahypadaky gipersalgylanmanyň üstünde syçanyň çep düwmesini basmaly;

-peýdalanyjynyň öz göwnüne ýaran Web-sahypalary jemleýän Favorites(Saýlananlar) ýa-da soňky wagtlarda seredilen Web-sahypalaryň brauzer tarapyndan awtomatik usulda ýa-da ýazylan History (Taryh) sanawyndan gerekli salgylanmany saýlamay

-Web-sahypany ýüklemegi islendik wagt saklap bolýar. Onuň üçin gurallar panelindäki Stop (Saklamak) düwmesi basylýar;

Refresh (Täzelemek) buýrugy netijesinde seredilýän Web sahypanyň mazmunyny gaýtadan ekranda görüp bolýar.

Back(Yza) weForward (Öňe) buýruklary bilen ýüklenen sahypalaryň nobatyndan degişlilikde, işjeň sahypanyň öňündäki we yazyndaky sahypalar ekerana çykarylýar;

-Home (Öý) buýrugy başky sahypa dolanyp gelmegi üpjün edýär. Bu sahypa brauzer işe girizilip, serwer bilen aragatnaşyk ýola goýlanda ilkinji bolup ýüklenýär;

-Find (Gözleg) buýrugy gerekli Web-sahypalary onuň mazmunyndaky sözler boýunça tapmaga mümkinçilik berýär.

3.Resminamany ýada ýazmak. Ulgam boýunça kabul edilen resminama menýunyň File(Faýl) bölüminiň Save as(Nädip ýada ýazmaly) buýrugy bilen ýada ýazylýar. Buýrugyň gepleşik penjiresinde peýdalanyja ýada ýazmagyň birnäçe düzgünleri hödürlenýär:

-ýazgy faýly, Web-sahypanyň diňe ýazgysy bezegsiz, formatlaşdyrylmazdan ýada ýazylýar.

-HTML formatly resminama-ýazgy hemme elementleri bilen ýada ýazylýar. Ýazga goýlan desgalar ýada ýazylmaýar;

-Web-sahypa tutuşlygyna-HTML formatly faýlda resminama, aýratyn bukjada bolsa, goýlan desgalary saklaýan hemme faýyllar ýada ýazylýar.

 

Toýly Rozyýew-Ýolöten etrabyndaky 40-njy mekdebiň okuwçysy

 

Jogap ýaz