Baş sahypa DÜRLI ULGAMLARINTERNET Yahoo! we Microsoft öz gözleýiş sistemalaryny birleşdirýärler

Yahoo! we Microsoft öz gözleýiş sistemalaryny birleşdirýärler

ýazan Nury

Internediň örän uly kompaniýalary bolan Yahoo! we Microsoft Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň ýörite edaralary tarapyndan internetdäki öz gözleýiş sistemalarynyň biznesini birleşdirmäge ygtyýarnamany aldylar. Bu birleşdirme şu kompaniýalara internet äleminiň örän uly bolan Google internet-gözleýji kompaniýasy bilen has gowy bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Google bazaryň 85% eýeleýär, Yahoo! we Microsoft-a bolsa 9%-dan gowragy degişli. Şu hyzmatdaşlyk(partnýorçylyk) şertnama laýyklykda, Yahoo! öz gözleýiş sistemany ýatyryp, Microsoft-yň Bing gözleýiş tehnologiýasyny özüne girizer. Bu ylalaşyk ulanyjylar we reklama berijiler üçin internet-gözleýiş bazarynda alternatiwany, ýagny başga bir ýoly döreder diýip, kompaniýalar ynanýar. Muny tamamlamak 2010-njy ýylyň başynda planlaşdyryldy.

Çeşme: BBC Russian

Ýazan: Nury Meläýew

Gyzykly makalalar

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.