Kassa aparatlary, taryhy we olaryň ykdysadyýetdäki peýdalary0

01.30.2016

Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de nagt pul do­la­ny­şy­gy­ny ne­ti­je­li alyp bar­mak, do­la­ny­şyk­da he­re­ket ed­ýän nagt pul­la­ryň möç­be­ri­ni kes­git­le­mek wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Şeý­le iş­le­riň dog­ry ýo­la go­ýul­ma­gy ýurt­da hüm­met­siz­len­mä­niň öňü­ni al­mak­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ne­ti­je­li alyp bar­mak­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ow­nuk we iri dü­kan­lar­da, söw­da mer­kez­le­rin­de nagt pul gir­de­ji­le­ri­niň ha­sa­by­nyň dog­ry al­nyp ba­ryl­ma­gy ýur­duň sal­gyt ul­ga­my­na hem oňyn tä­sir ed­ýär. Nagt pul gir­de­ji­le­ri­niň ha­sa­by­ny dog­ry ýö­ret­mek­de bol­sa kas­sa ap­pa­rat­la­ry sa­ty­jy­la­ryň ýa­kyn he­ma­ýat­kä­ri­ne öw­rül­ýär. Kas­sa ap­pa­ra­ty – bu nagt pul do­la­ny­şy­gy­na, bir ta­rap­dan ,döw­le­tiň, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa sa­ty­jy­la­ryň gö­zeg­çi­li­gi­ni üp­jün ed­ýän en­jam bo­lup, aly­jy­la­ra beý­le­ki ta­rap­la­ryň öňün­de ke­pil­len­di­ri­len hu­ku­gy ber­ýär. En­jam ýö­ri­te ýat bi­len üp­jün edi­lip, ol nagt pul­lar bi­len bag­ly äh­li he­re­ket­le­ri ýaz­gy et­mä­ge we çek­le­ri çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr.

Il­kin­ji kas­sa ap­pa­ra­ty Daý­ton şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Jeýms Rit­ti ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Bir ge­zek Ýew­ro­pa gä­mi­li ge­ze­lenç wag­ty Rit­ti gä­mi gur­lu­şy­gyn­da iş­le­ýän us­sa bi­len ta­nyş­ýar. Rit­ti onuň iş­le­ri­ni iç­gin öw­re­nip­dir, bir­den­kä, onuň ün­si gä­mi­niň bir en­ja­my­nyň aý­law sa­ny­ny ha­sa­ba al­ýan gu­ra­la dü­şüp­dir. Şol wagt hem Rit­ti­niň kel­le­si­ne pul­la­ryň ha­sa­by­ny ýö­red­ýän en­ja­my oý­lap tap­mak pi­ki­ri gel­ýär. Öz sy­ýa­ha­ty­ny ta­mam­lap, öýü­ne gaý­dyp ge­len­den soň, ol do­ga­ny Jon bi­len dol­la­ry we sen­ty aň­lad­ýan bir­nä­çe düw­me­den yba­rat ada­ty bol­ma­dyk en­ja­my dö­red­ýär­ler. Ge­çi­ri­len amal­la­ryň je­mi bol­sa ýö­ri­te disk­de ha­sa­ba al­nyp­dyr. Bu en­jam ta­ryh­da iň il­kin­ji kas­sa ap­pa­ra­ty­dyr.

Şeý­le­lik bi­len onuň res­to­ra­ny­nyň gir­de­ji­si des­si­ne ar­typ­dyr. Bi­raz soň­ra bol­sa en­jam has kä­mil­leş­di­ril­ýär. Dö­re­di­len tä­ze en­jam 1879-njy ýyl­da pa­tent­leş­di­ril­ýär. Özü­niň çy­ka­ran kas­sa ap­pa­ra­ty­nyň üçün­ji nus­ga­sy­ny do­gan­lar “Rit­ti­niň dog­ru­çyl kas­si­ri” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar. En­ja­myň dör­dün­ji nus­ga­sy bol­sa, çe­ge de­şi­jek­ler ar­ka­ly söw­da­nyň umu­my je­mi­ni ýaz­ma­ga ukyp­ly bo­lup­dyr. Kas­sa en­ja­my­nyň hut şu gör­nü­şi hem il­kin­ji ge­zek köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­lip­dir. 1881-nji ýyl­da Jeýms özü­niň esa­sy işi bo­lan res­to­ra­na do­la­nyp bar­ýar. Kas­sa en­ja­my­na pa­ten­ti bol­sa hä­zir­ki gü­ne çen­li iş­läp gel­ýän “Na­tio­nal Cash Re­gis­ter” kom­pa­ni­ýa­sy­na 1000 dol­la­ra sa­typ­dyr. Hä­zir bu ägirt uly kom­pa­ni­ýa di­ňe bir kas­sa ap­pa­ra­ty­ny ön­dür­mek bi­len çäk­len­män, onuň üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­la­ry hem taý­ýar­la­ýar. Hä­zir­ki za­man kas­sa ap­pa­rat­la­ry­nyň gör­nü­şi özü­niň il­ki­baş­da­ky­syn­dan düýp­gö­ter ta­pa­wut­lan­ýar. Söw­da amal­la­ry­nyň düýp­li kä­mil­leş­me­gi­ne ge­ti­ren bu oý­lap ta­pyş bu gün­ki gün dün­ýä­niň äh­li ýur­dun­da is­len­dik söw­da mer­ke­zin­de di­ýen ýa­ly hal­ka giň­den hyz­mat ed­ýär.

Beg­my­rat Ka­ka­ly­ýew

Türk­men döw­let ma­li­ýe

ins­ti­tu­ty­nyň 4-nji ýyl ta­ly­by.

Jogap ýaz