Elektron Poçta Giriş – E-Sapak1
05.01.2010Elektron poçta barada umumy düşünje, elektron hat, gözleg serwerlerinde poçta döretmegiň usullary, haty ugratmak we kabul etmek
Elektron poçta – bu ähli-umumy kompýuter baglanyşygyndaky hatlaryň alyş-çalşygynyň ulgamydyr. Elektron hat – bu haty kabul etjegiň elektron salgysyny we hatyň tekstini özünde saklaýan tekstli faýldyr. Elektron hatyň içine dürli görnüşli faýllar dykyp bolýar.
Elektron poçtaly guty – bu poçtaly serwer bolup durýan kompýuteriň gaty diskiniň bölümidir (bukjasydyr). Elektron poçtaly guta eýesi üçin hatlar gelip gowuşýar. Baglanyşykdaky elektron poçtaly gutynyň durýan ýerini kesgitlemek üçin elektron salgy ulanylýar. Elektron salgy @ simwol bilen tapawutlanýan iki bölekden durýar: ulanyjynyň[email protected]çtaly_serwiň salgysy.
Ulanyjynyň ady serweriň poçtaly gutusyndaky ýerini kesgitleýär. Ulanyjy bu ady, köplenç, özi saýlap alýar. Ol baş we setir latyn harplaryndan, sifrlerden we käbir simwollardan durýar. At saýlanyp alnanda, şol at ulanyjy hakdaky maglumatlary (indiwidual ýa-da köpçülikleýin) özünde saklaýan bolsa has amatly bolýar.
Poçtaly serweriň salgysy nokatlar bilen çäklenýän böleklerden (domenlerden) durýar. Salgy çepden saga tarap okalýar. @ simwola ýakyn at bu ulanyjynyň ýaşşigini özünde saklaýan kompýuteriň ady bolup durýar. Ondan soň bolsa, serweriň nirede ýerleşýändigini kesgitleýän birnäçe aralarynda nokat belgisi ýazylan atlar bolup bilýär.
Iň sag tarapdaky ada suffiks diýilýär.
Suffiks, köplenç, ýurtlaryň kodlaryny aňladýar. Meselem, tm- Türkmenistan, su ýa-da ru – Russiýa, uk- Angliýa, mx- Meksika, tr-Turkiýe, za- Günorta Afrika, ni-Nikaragua, in-Hindistan, au-Awstriýa, de-Germaniýa.
Hatlaryň ýolda her dürli poçta stansiýalarynda säginşi ýaly, elektron poçta Internetde syýahat eden wagty bir kompýuterden beýleki kompýutere poçta serwisi ady bilen geçýär. Poçta serwisi, ýönekeý poçta bölüminiň işleýşi ýaly işleýän kompýuterdir. Habar poçta serwisine gelen badyna, ol hat elektron guta ýerleşdirilýär, tä ol haty alyjy ol ýerden alýança, şol ýerde durýar. Bu iş diňe birnäçe sekunt wagtyň dowamynda amala aşyrylýar. Bu bolsa, Internet hyzmatyny ulanyjylara dünýäniň her künjegindäki adamlar bilen gije we gündiziň islendik wagtynda çalt baglanyşmaga amatly mümkinçilik berýär.
Elektron poçtany almak üçin, serwerde öz salgyňyz bolmaly. Ol hat alýan salgyňyza meňzeş bolmaly.
Elektron poçtada salgyny açmaklyk
Eger-de kompýuter Internet toruna girmäge mümkinçilikli bolsa, onda mugt poçta açyp bolýar. Köp web serwerlerde poçta açmak mugtdyr. Poçta açylanda her ulanyjynyň öz ady we onuň paroly bolmaly.
Özüne poçta açan ulanyjynyň dünýäniň Internet ulgamy bar bolan haýsy künjeginde bolsa-da, öz poçtasyny görmäge we onuň bilen işlemäge mümkinçiligi bolýar.
Aşakdaky görkezilen saýtlarda mugt poçtany açmak mümkinçiligi bar: www.yandex.ru , www.rambler.ru, www.yahoo.com.
Indi bolsa, serwerde elektron poçtany döretmegi öwreneliň. Poçta açmak üçin degişli düwmä basylsa belli bir formany doldurmaga gepleşik penjire çykýar. Ony dogry dolduryp bolandan soň, serwer ulanyja hususy salgy berýär. Şol salgy boýunça ulanyjy beýleki adamlar bilen elektron hat alyş-çalşygyna başlaýar.
Meselem, www.rambler.ru atly serwerde elektron poçtany döretmek üçin, aşakdaky formalary doldurmaly bolýar.
Elektron habarlary ibermek
Ýokardaky agzalan serwerde elektron hatlary ibermek üçin, aşakdaky işler amala aşyrylýar.
- Elektron poçtany açyp, “Написать письмо” diýen düwmä basmaly.
- Açylan penjiräniň “Кому” meýdançasynda haty alýanyň elektron salgysyny ýazmaly. Meselem, [email protected] (alyjy @domain.com). Salgynyň dogry ýazylandygyna güwä geçmeli, ýogsam hat yzyna dolanyp geler. Elektron haty birwagtda birnäçe adamlara iberip bolýar. Onuň üçin, salgylaryň aralarynda nokatly otur (;) belgisini goýmaly.
- Hata tema tapmaly. Ol gysga we düşnükli bolmaly.
- Kursory habarlar ýazylýan penjirä getirip, hatyň tekstini taýýarlamaly. Habara ýene-de tekst redaktoryndan göçürilen habaryň bölegini goýup bolar. Ondan başga-da göwrümi uly bolmadyk faýllary (köp serwerlerde 5-e çenli) hata baglanyşdyryp goşup bolýar.
- Habar taýýar bolandan soň “Отправить” (iňl. Send) atly düwmä basmaly.
Taýýarlan: Serdar Alaşaýew
Maral
05.03.2010
E-sapak bölümini haladym. Üstünlik arzuw etyan. Baska temalardada sapaklara garaşyas. :)