Facebook-da application(?)lar diwarymda birahat edýär!0

03.21.2011

Facebook-da käbir application(?)lar diwaryma awtomatiki usulda ýazýarlar. Köpüsi meniň islegim boýunça ýazanok. Birgün bir dostumyň diwaryndan gije 3-iň ýarynda “Pal atyldy, bugün sen %87 şeýtan” diýen ýazgy geldi. Menem onuň gije beýle wagtda girmejegini bilýärdim, we jaň etsem ýatan eken.  Bu ýagdaýda ýazgylar “Spam” bolyar we birahat edýär. Olary aýyrmak üçin aşakda görkezilen ädimleri etseňiz sizi birahat etmez.

Ädimler:

Ädim 1: Facebook hasabyňyzy açyň

Ädim 2: Şu ýere gidiň

Ädim 3: “Edit Settings” seçiň

Ädim 4: Pozmak üçin “Remove App” seçiň, ýada diňe diwara ýazylmasynyň öňüne geçmek üçin “Post to my Wall”, “Access posts in my News Feed” sagyndaky “Remove” basyň.

Ädim 5: Taýýar

Azat Rahmanow – Tilsimat.NET Administrator

Jogap ýaz