Informasiýalaryň kodlanylyşy1

09.19.2010

Daşky gurşawa akyl ýetirmek prosesinde janly organizmler bilen adamyň arasyndaky informasiýa alyş-çalyşygynda (adam bilen adamyň, adam bilen kompýuteriň, kompýuter bilen kompýuteriň we ş.m.) informasiýanyň aňladylyşy dürli formalarda bolýarlar. Informasiýany bir aňladylyş formadan (belgiler sistemasyndan) beýlekä öwürmeklige kodlama diýilýär.

Kodlamagyň serişdesi bolup belgiler sistemasynyň laýyklyk tablisasy hyzmat edýär. Bu tablisa dürli iki belgiler sistemasynyň belgileriniň arasynda bir manyly laýyklygy guraýar. Informasiýa alyş-çalyş prosesinde kodlama we dekodlama ýygy-ýygydan gabat gelýär.

Kompýuteriň klawiaturasynyň düwmesini basmak bilen, onuň huşuna elipbiý belgisi girizilende belgi kodlanýar, ýagny ol kompýuter koduna öwrülýär. Belgi monitora ýa-da printere çykarylanda bolsa ters proses – dekodlama bolup geçýär.

Kompýuterlerde sanlar, tekstler, grafiki informasiýalar, sesler we ş.m. kodlanýarlar.

Tekstiň kodlanylyşyna giňiräk seredeliň. Teksti ýazmak üçin ulanylýan simwollaryň köplügine elipbiý diýýäris. Elipbiýdäki simwollaryň sanyna – onuň kuwwaty diýilýär.

Tekst görnüşli informasiýany kompýutere bermek üçin köplenç 256 simwolly elipbiý ulanylýar. Şu elipbiýiň bir simwoly 8 bit informasiýany saklaýar, ýagny 28=256. 8 bit 1 baýta deň. Şonuň üçin her simwolyň ikilik kody kompýuteriň 1 baýt huşuny eýeleýär. Şu elipbiýiň hemme simwollary 0-dan 255-e çenli belgilenendir, her belgä 00000000 dan 11111111-e çenli sekiz ülüşli ikilik kody laýykdyr. Bu kod simwolyň ikilik hasaplama sistemasyndaky tertip belgisidir. Kompýuterler üçin dürli kodlama tablisalary ulanylýar. Personal kompýuterleriň kodlama tablisasy hökmünde ASCII (American National Standart Code for Information Interchange – Informasiýa alyş-çalyşy üçin Amerikanyň milli standart kody) ulanylýar. Onyň bir bölegi aşakdaky tablisada görkezilendir.

ASCII kod tablisasynyň bir bölegi

Ikilik kod
00100001
00100010
00100011
00100100
00100101
00100110
00100111
00101000
00101001
00101010
00101011
00101100
00101101
00101110
00101111
00110000
00110001
00110010
00110011
00110100
00110101
00110110
00110111
00111000
00111001
00111010
00111011
00111100
00111101
00111110
00111111
01000000
Bahasy
!
#
$
%
&
(
)
*
+
,
.
/
0
1
2
3
4
5
6
7
8
9
:
;
<
=
>
?
@
Ikilik kod
01000001
01000010
01000011
01000100
01000101
01000110
01000111
01001000
01001001
01001010
01001011
01001100
01001101
01001110
01001111
01010000
01010001
01010010
01010011
01010100
01010101
01010110
01010111
01011000
01011001
01011010
01011011
01011100
01011101
01011110
01011111
01100000
Bahasy
A
B
C
D
E
F
G
H
I
J
K
L
M
N
O
P
Q
R
S
T
U
V
W
X
Y
Z
[
]
^
_
`
Ikilik kod
01100001
01100010
01100011
01100100
01100101
01100110
01100111
01101000
01101001
01101010
01101011
01101100
01101101
01101110
01101111
01110000
01110001
01110010
01110011
01110100
01110101
01110110
01110111
01111000
01111001
01111010
01111011
01111100
01111101
01111110
01111111
Bahasy
a
b
c
d
e
f
g
h
i
j
k
l
m
n
o
p
q
r
s
t
u
v
w
x
y
Z
{
|
}
~
DEL

Ýazga Taýýarlan: A.Ýazgylyjow – Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

  1. micro

    08.03.2012

    HEX nirde

    Jogap ber

Jogap ýaz