Informasiýanyň mukdarynyň ölçeg birlikleri1

09.14.2010

Durmuşdaky informasiýalaryň mukdaryny kesgitlemek we ölçemek zerur bolup durýar. Informasiýalaryň çeşmesinden informasiýalary sarp edijilere geçirmek üçin onuň mukdaryny kesgitlemek bilen aragatnaşyk kanalynyň kuwwaty kesgitlenilýär. Mysal üçin, siziň şu okaýan kitabyňyzy ýa-da beýleki kitaplaryňyzy ýönekeý poçta aragatnaşygy ýa-da Internet arkaly ibermek üçin lardaky maglumatlaryň mukdary kesgitlenmeli. Informasiýalaryň mukdary kesgitlenilende, informasiýalaryň hil aýratynlyklary göz öňünde  tutulmasa hem bolar. Haýsy kitapdygyna, onuň mazmunyna garamazdan kitaplardaky informasiýalaryň mukdary şol bir ölçeglerde ölçenmelidir.

Informasiýalar üznüksiz signallar we sanlar bilen aňladylyp bilner. Adatça informatikada informasiýalar sanlar bilen aňladylýar, oňa diskter ýagny üzülýän signallar diýilýär. Şeýle çemeleşilende informasiýanyň mukdaryny ölçemek ücin üç çemeleşme bardyr:

  1. Informasiýalaryň mukdary düzümli çemeleşmede informasiýa obýektleriň sanyny sanamak bilen ölçenýär. Mysal üçin, informasiýany ýatda saklamak üçin näce disk gerek boljak.
  2. Informasiýanyň mukdaryna statistiki çemeleşilende informasiýanyň ýüze çykyşynyň ähtimallygy hasaba alynýar. Bu usulda informasiýanyň gymmatlylygyna baha berilýär.
  3. Informasiýanyň mukdary semantiki ölçenende informasiýanyň gerekliligi we peýdalylygy hasaba alynýar. Bu ýagdaýda alynan informasiýanyň hakykata laýyklygy anyklanýar.

Informasiýanyň ölçemegiň düzümli çemeleşmesinde hem öz gezeginde üç çemeleşme bar:

  1. Geometrik, onda berlen möçberlerde iň uly maglumat mukdary kesgitlenilýär. Informasiýanyň şeýle ölçegi kompýuteriň ýadyny kesgitlemekde peýdalanylyp bilner.
  2. Utgaşdyrma, onda berlen möçberde informasiýa elementlerini her hili utgaşdyrmalaryň kömegi bilen informasiýalary aňlatmagyň mümkinçiligine baha berilýär. Informasiýanyň mukdarynyň şeýle ölçegi kodlamagyň käbir ulgamlarynyň mümkinçiliklerine baha bermekde peýdalanylýar.
  3. Additiw, ýa-da Hartli ölçegi, onda informasiýanyň mukdary logarifmik formula bilen hasaplanylýar.

Informasiýalaryň geometrik ölçeginde iň kiçi ýatda saklan informasiýa elementi bit hasaplanylýar. Informasiýanyň birligi hökmünde kabul edilen bir bit, iňlis  binary digit – ikilik sifr diýmek bolup, ol 0 ýa-da 1 aňladýar. Kompýuteriň ýadynda 0 ýa-da 1 sifri ýatda saklap bolýan informasiýa sygym bit bolup durýar. Informasiýa tehnologiýasynda 8 bitden ybarat birlik baýt ulanylýar. Kompýuteriň klawiaturasynda elipbiýiň 256 simwollaryny kodlamak üçin 8 bit (256 = 28) talap edilýär. Informasiýa tehnologiýada baýtdan hem has uly informasiýa birlikleri ulanylýar:

  • 1 Kilobaýt (Kbaýt) = 1024 baýt = 210 baýt,
  • 1 Megabaýt (Mbaýt) = 1024 Kbaýt = 220 baýt,
  • 1 Gigabaýt (Gbaýt) = 1024 Mbaýt = 230 baýt.
  • 1 Terabaýt (Tbaýt) = 1024 Gbaýt = 240 baýt,
  • 1 Petabaýt (Pbaýt) = 1024 Tbaýt  = 250 baýt.

Has uly informasiýa birlikleriniň özara gatnaşyklarynyň sanawy aşakda getirilendir:

8 bit = 1 baýt (gysgaça b ýa-da B),

1024 B = 1 kilobaýt (gysgaça KB ýa-da K),

1024 К = 1 megabaýt (gysgaça MB ýa-da M),

1024 М = 1 gigabaýt (gysgaça GB ýa-da G).

Ýazan: A. Ýazgylyjow – Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

  1. Merdan

    10.13.2010

    Turkmence gozlap yordm, bar ekena. Okuwcylarma paylayin print edip. sagja bol :)

    Jogap ber

Jogap ýaz