Komp­ýu­te­ri nä­dip go­ra­ma­ly?0

04.16.2013

kompyuter-goramakHä­zir öý­de go­ýul­ýan komp­ýu­ter hem­me­ler­de bar. Hat­da şonsuz dur­mu­şy göz öňü­ne ge­tir­mek hem müm­kin däl.

Is­len­dik me­se­le goý, ol dip­lom işi ýa-da ýyl­lyk işi ýaz­mak bol­sun, baý­ram­çy­lyk tor­ty üçin re­sept göz­le­gi bol­sun, iş göz­le­mek bol­sun – ta­pa­wu­dy ýok, bu­la­ryň äh­li­si ýo­kar­da gör­ke­zi­len äh­li ta­lap­la­ry üp­jün et­mek üçin esa­sy gu­ral hök­mün­de, komp­ýu­te­riň gat­naş­ma­gyn­da ber­jaý edil­ýär. Em­ma wag­tal- wag­tal esa­san hem komp­ýu­ter has köp ula­ny­lan­da, oňa zy­ýan be­ri­ji wi­rus­la­ryň ara­laş­ma­gy müm­kin­dir. Eý­sem, olar­dan nä­dip go­ran­ma­ly? Biz bu so­wa­ly özü­mi­ze seý­rek ber­ýä­ris, ýö­ne, adat­ça, ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý  ýü­ze çy­kan­da me­se­lä­niň çöz­gütleriniň göz­len­me­gi mö­hüm­dir.   

Komp­ýu­te­ri wi­rus­lar­dan go­ra­mak üçin an­ti­wi­rus prog­ram­ma­lar top­lu­my kö­mek ed­ýär. Ola­ryň has go­wu­sy hem Kas­pers­ki­niň an­ti­wi­ru­sy ha­sap­lan­ýar. Ula­ny­jy­la­ryň oňa bo­lan dür­lü­çe ga­raý­şy­nyň esa­sy se­bä­bi hem bu prog­ram­ma köp ul­gam­ly gor­la­ry ta­lap ed­ýär we hat­da siz­de hä­zir­ki za­man güýç­li komp­ýu­te­ri bar hem bol­sa, prog­ram­ma or­naş­dy­ry­lan­dan soň­ra, has köp tor gorlarynyň zerurlygy ýüze çykýar. Gür­rüň­siz, bu örän ters ýagdaý, em­ma, ula­ny­jy köplenç komp­ýu­te­riň ýo­ka­ry yg­ty­bar­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny saý­la­ma­ly bol­ýar.

Şeý­le hem “Nod 32”, “Dr.Web” we “Nor­ton” go­wy an­ti­wi­rus ha­sap­lan­ýar. Her bir an­ti­wi­ru­syň güýç­li we gow­şak ta­rap­la­ry bar. Ola­ry saý­la­mak kyn, is­len­dik an­ti­wi­rus ul­gam­la­ra ýaý­ran äh­li wi­rus­lar­dan aň­sat­lyk bi­len komp­ýu­te­ri go­ra­ýar, ýö­ne şol bir wag­tyň özün­de pro­fes­sio­nal ha­ker­ler ta­ra­pyn­dan böw­süp geç­mä­ge gö­nük­di­ri­len wi­rus­lar­dan komp­ýu­te­ri go­rap bil­me­ýär. Şeý­le ýag­daý­lar­da stan­dart an­ti­wi­rus­la­ryň güý­ji ýet­me­ýär, me­ge­rem, Kas­pers­kiý an­ti­wi­ru­sy ul­gam­da ters ne­ti­je­ler ýü­ze çy­kan­da go­rap bi­ler, ýö­ne onuň hem or­naş­dy­ryl­ma­gy he­mi­şe ýag­daý­dan amat­ly çy­kal­ga tap­ma­ýar.

Umu­man, komp­ýu­te­ri go­ra­mak şeý­le bir müşgil iş bo­lup, oňa ün­sü­ňi hökmany gö­nük­dir­me­li­dir, ýö­ne iň go­wu­sy oňa üns ber­mez­lik­dir. Bi­ze mä­lim bol­şu­na gö­rä, in­ter­ne­te bag­lan­ma­dyk komp­ýu­ter has go­ral­ýan komp­ýu­ter­dir. Eger-de onuň howp­suz­ly­gy­ny güýç­len­dir­se­ňiz hem si­ziň şeý­le üzül-ke­sil ädi­mi­ňi­ziň ba­ry­bir iru-giç gu­tar­mak äh­ti­mal­ly­gy has ulu­dyr. Şeý­le-de bol­sa, ma­ny­syzlyga çen­li ba­ryp ýet­mez­lik üçin, di­ňe ze­lel ge­ti­ri­ji prog­ram­ma ýaý­rad­ýan saýt­la­ra az­rak gi­riň. Ýog­sam bol­ma­sa, bi­ren­tek me­se­le­ler­den ada­ty an­ti­wi­ru­syň kö­me­gi bi­len ha­las bol­mak müm­kin däl.

Iň esa­sy zat bol­sa, go­rag prog­ram­ma­sy­nyň duý­du­ry­şy­na baş gal­dyr­mak­dyr we bu duý­du­ryş­la­ra äs­ger­mez­lik edil­me­se, on­da in­ter­ne­te wi­rus düş­mek how­py has az bo­lar.

Zaman-Türkmenistan

Jogap ýaz