Baglanşyk Torlaryna(Network) Giriş – E-Sapak1

05.01.2010

Kompýuterler bilen işlenilende bir kompýuterden beýleki kompýutere maglumatlary alyp bermek zerurlygy ýüze çykanda maglumatlary maglumat göterijileriň disketalaryň, kompakt diskleriniň, fleş we gaty diskleriň, beýleki göterijileriň kömegi bilen geçirmeklik mümkin. Emma bu usuly biri-birine golaý ýerleşdirilen kompýuterleriň arasynda ulanyp bolýar.

Eger-de kompýuterler köp bolup, olaryň hem hersi köp gatly jaýyň dürli otaglarynda ýerleşdirilen bolsa ýa-da şäheriň dürli künjeklerinde bolsa, kompýuterleriň arasyndaky maglumatlaryň alyş-berşigi gyssagly geçirilmeli bolsa,  onda kompýuterleri öz aralarynda birikdirme meselesi ýüze çykýar. Kompýuterler öz aralarynda maglumat geçirijileriň üsti bilen birleşdirilende tora meňzeş gurluş emele gelip, onuň kömegi bilen kompýuterleriň arasynda dürli görnüşli maglumatlar çalşygyny uly tizlik bilen geçirip bolýar. Netijede,  kompýuter tory köp sanly kompýuterleriň bileleşigi görnüşine eýe bolup,  ol maglumat çalşygyny üpjün edip bilýän tehniki serişdeleri we programmalar üpjünçiligi bilen sazlanyşykda gurnalan ulgama öwrülýär. Bu ulgamda birikdirilen enjamlaryň her birini maglumatlary bermek ýa-da almak üçin peýdalanyp bolýar.

Kompýuter Tory

– programma üpjünçiliginiň kömegi bilen kanallar boýunça maglumatlary ýaýratmaga mümkinçilik berýän özara birikdirilen kompýuterleriň toparyna düşünilýär ýa-da  işläp bejerilen maglumatlary paýlamagy gurnamak üçin niýetlenen tehniki serişdedir. Ölçegleri boýunça baglanyşyklaryň  ýerli we giň görnüşleri bardyr.

Ýerli baglanyşyklar (rus. Локальные сети) – bu çäklenen meýdanlara maglumat geçirijileriň üsti bilen birleşdirilen kompýuterleriň toplumy bolup, ol kompýuterleriň arasynda maglumat çalşygyny geçirmek we hasaplaýyş resurslaryny bilelikde ulanmak üçin döredilýär. Baglanyşygyň bu görnüşi, adatça, bir kärhananyň kompýuterlerini baglanyşdyrmak üçin ulanylýar. Adatça,  ýerli toruň dowamlylygy (uzynlygy) birnäçe metrden birnäçe kilometrlere çenli bolýar. Toruň üsti bilen ugradylmaly maglumat bukjalaryny ugratmak işini hem programma üpjünçiligi ýerine ýetirýär. Ýerli torlar her bir aýratyn ulanyja bolan çykdajylary peseldip, aýratyn personal kompýuterleriň ulanylyşyna aşakdaky mümkinçilikleri ulanmaga ýol açýar:

–          faýllar bilen bilelikde işlemek;

–          faýllary, diskleri herekete getirijileri, çap ediji enjamlary, skanerleri we beýleki tor enjamlaryny bilelikde ulanmaklyk;

–          amaly programma üpjünçiliginiň tor görnüşini peýdalanmak;

–          maglumat binýatlaryna girmek;

–          tor üsti bilen internet ulgamyna girmek;

–          internet gulluklaryndan peýdalanmak.

Giň baglanyşyklar (rus. Глобальные сети) – hemra ulgamynyň kömegi bilen ýa-da optiki süýümli  geçirijileriniň üsti bilen uly meýdanlarda birnäçe ýurtlardan köp sanly müşderileri bolan kompýuter arabaglanyşyklarydyr.

Tor arabaglanyşygy çylşyrymly gurluşdan ybarat bolup, ony gurnamaklygyň bir-birleri bilen baglanyşdyrylýan 7 sany derejesi bardyr. Olar aşakdakylardan ybarat:

 

Torlaryň gurnalyş topologiýasy – bu kompýuterleri öz aralarynda torda birikdirmekligiň usulydyr. Kompýuterleri torda iki ýol bilen birikdirip bolýar: yzygiderli ýa-da ýyldyzlaýyn birikdirme.

Yzygiderli birikdirme öz gezeginde üç görnüşe bölünýär: ýönekeý, tegelekleýin we umumy şinaly.

Ýönekeý yzygiderli birikdirme. Hemme kompýuterler ýöriteleşdirilen kabeliň kömegi bilen yzly-yzyna birleşdirilýär. Maglumatlar bir kompýuterden beýleki kompýutere we yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.

 

 

Baglanyşyk örän çalt işleýär, emma birikmeleriň haýsy hem bolsa biriniň arasynyň kesilmesinde  ýa-da bir kompýuteriň bejerilgisiz ýagdaýynda tor tutuşlaýyn hatardan çykýar. Adatça, bu baglanyşyk kän ulanylmaýar.

Tegelekleýin yzygiderli birikme bu maglumatlaryň bir kompýuterden beýleki kompýutere yzygiderli berilmeginden ybarat baglanyşykdyr. Bu baglanyşyk ýönekeý yzygiderli birikme bilen deňeşdireniňde, maglumatlary iki ugur bilen ugradyp bilýär. Ol toruň müşderileriniň näsazlyklaryna bolan berkligi ýokarlandyrýar.

 

Token Ring. Bu marker girelgeleri tegelekleýin tordur. Bu tor tilsimaty maglumatlaryň akymyny sazlamaklyk üçin markeri  (token –dolandyryş kadry) bermekligi ulanýan tegelekleýin topologiýaly ýerli tordur.  Torda maglumat çalşygy 16 Mbit/s tizlikde geçýär.

Umumy şina boýunça yzygiderli birikme bu baglanyşyk maglumat çalşygyny beýleki kompýuterlere garaşsyzlykda, diňe iki kompýuteriň arasynda gurnaýar. Umumy şinadan bir kompýuteriň aragatnaşygynda näsazlyk dörän mahalynda-da tor öz işini dowam edýär. Bir tarapdan seredeniňde tor örän durnukly işleýär, ýöne şinada näsazlyk dörän ýagdaýynda tor tutuşlygyna işe ukyplylygyny ýitirýär.

Ýyldyzlaýyn birikme.Tory ýyldyz şekilinde gurnamaklyk üçin toruň merkezinde hökman jemleýji gurluş (Hab) ýerleşdirmeli. Bu torda ähli kompýuterler bir-birleri bilen gönüden-göni birikmän, eýsem, jübüt önümli kabeliň kömegi bilen konsentratora birikdirilýär.

Ýyldyz şekilli birikme tor zeperlenmelere garşy durmaklyga ukyply bolýar. Birikmedäki bir kompýuteriň zeperlenmeginde tordaky kompýuteriň diňe biri hatardan çykýar. Bu gurluş beýlekilere garanyňda has işjeňdir. Onuň sebäbi bir iş stansiýanyň ýa-da ony Hab bilen baglanyşdyrýan kabeliň hatardan çykan mahaly, beýlekiler öz işlerine ukyplylyklaryny ýitirmeýärler.

Torlaryň gurluş usullary. Torlar iki usul bilen gurnalýarlar: deňeşdiriji we serweri  tapawutlandyrýan.

Deň derejeli tor. Bu torda hemme kompýuterler deň derejelidir, ýagny torda olaryň her haýsysynyň mümkinçilikleri we biri-birine garaşlylygy deň derejededir. Bu gurluş bir kompýuterden toruň beýleki bir kompýuterine girmeklik üçin girelgäni gurnamaga  mümkinçilik berýär.

Serweri tapawutlandyrýan tor. Bu usulda  toruň işini dolandyrýan merkezi kompýuteri bolýar. Galan kompýuterler bolsa işçi stansiýa diýlip atlandyrylýar.

 

Iş stansiýasy (iňl. Workstation) bu tordaky bir ulanyjynyň meselelerini ýerine ýetirýän kompýuterdir.  Işçi stansiýasy kompýuteriň ähli resurslaryna eýeçilik edýär.

Serwer (iňl. Server) – bu başga kompýuterleriň talaplaryny ýerine ýetirip, olara programmalary, maglumatlary, daşky enjamlary ulanyşyga mümkinçiligi bolan kompýuter we programma serişdeleriniň utgaşmasynyň netijesinde döredilen gurluş. Iňlis dilinden “Server” sözi “Hyzmatçy” diýen manyny berýär.

Toruň düwni bu kompýuter torundaky enjam bolup,  ol torda haýsy hem bolsa bir gullugy hödürleýär ýa-da bolsa, bir gullugyň işini soraýar. Adatça, toruň düwmeleriniň hataryna oňa goşulan kompýuterler ýa-da  terminallar  girýär.

Simsiz tor (iňl. Wireless LAN). Adaty ýerli hasaplaýyş tor bir enjamdan beýleki enjama kabeliň ýa-da maglumat geçiriji simiň üsti bilen maglumatlary ugradýar. Mundan tapawutlylykda, simsiz hasaplaýyş tor maglumat çalşygyny radiotolkunyň üsti bilen üpjün edip bilýär. Adaty tordaky ulanylýan konsentratorlara we kommutatorlara derek “Access Point” diýilýän enjam ulanylýar.

Taýýarlan : Meýlis Işanow

  1. Maral

    05.03.2010

    Gowy makala, thanx. Dowamyna garaşyas.

    Jogap ber

Jogap ýaz