Kompýutere seretmek we arassaçylyk0

06.20.2010

Kompýutere wagtly­wagtynda seretmek maslahat berilýär. Öz güýjüniň artdyrylmagyny isleýän bu kiçijik, emma uly iş bitirýän kompýuteriňiziň arassaçylygynyň gözegçiligini gözden salmaň. Kompýuteriň için däki elektrik wentilýatorlar kompýuteriňizi sowatmak üçin goýlandyr we kompýuteriň ululygyna ýa­da islegiňize görä birnäçe elektrik wentilýatoryňyz bolup biler. Sorulýan howabilen blokpitaniýanyň käbir ýerlerinde tozan üýşüp bilýär. Beýle ýagdaý wagtyň geçmegi bilen öz­özünden bolýar. Çyglyk koeffisienti ýokary bolan ýerlerde tozan bölejikleri birleşip, güýçli agram döredýärler hem­de elektriklenip bilýärler. Bu bolsa özara baglanan enjamlaryňyzyň arasynda bikanun elektrik köprüsini döredýär. Bu ýagdaýda elektrik döwülmeleriň öňüni almak örän kyndyr. Şonuň üçin iň bolmanda ýylda bir gezek (tozanyň köp ýerinde işleýän kompýuterler üçin bu wagt hasam azalýandyr) kompýuterleriňiziň içi arassalanmalydyr. Bu iş üçin feny (saç guradýan elektrik enjam) ulanyp bilersiňiz. Feni üfletmek arkaly tozandan emele gelen agramy ýumşadyp, soň bolsa tozan sorujy bilen sorduryp bilersiňiz.

Kompýuter arassalananda, üns bermeli bir zat bar. Tozan sorujyny kompýuteriň içindäki enjamlarynyň ýanyna kän ýakynlaşdyrmaň. Çünki kabeller öz ýerinden süýşip biler. Howanyň sürtünmesiniň netijesinde tozansorujynyň ujunda elektrostatiki meýna emele gelip, çiplere zyýan ýetirip biler, motherboardyň (ene kart) üstündäki jumper diýilip atlandyrylýan elementler sorulyp bilner. Aslynda gysylan howa tozan soruja görä has peýdaly hem-de ygty barly çözgütdir. Kompýuteri arassalamak üçin gysylan howa kompressory ulanylýar. Arassaçylyga başlamazdan öň kompýuteriňizi otagyň daşyna çykaryň, sebäbi tozan üstüňizi hemde otagyňyzy hapalap biler. Kompressory kompýuteriň içindäki enjamlarynyň ýanyna 30 santimetrden artykmaç ýakynlaşdyrmaň.Blokpitaniýanyň elektrik wentilýatorlarynda wagtyň geçmegi bilen tozan üýşüp biler. Bu dörän ýagdaýdan goranmak üçin wentilýatoryň yzydaş tarapyndan arassalaň. Ony ýygy-ýygydan arassalamasaňyz blokpitaniýany sökmeli bolarsyňyz.Ýöne welin blokpitaniýany diňe arassalamak üçin açmak maslahat berilýän däldir. Sebäbi olar assalanandan soň kartlaryň hem-de kabelleriň arasyndaky baglanyşyk gowşap biler. Şonuň üçin kompýuteriň içindäki hemme kartlaryň we kabelleriň gowy oturandygyny barlap görüň. Soňra kompýuteriň gapagyny ýapmankaňyz ilki ony işledip görüň we hemme zadyň dogry işleýändigini görüp kompýuteri öçüriň, soňam gapaklaryny ýapyň. Kompýuter üçin diňe bir tozan arassaçylygy doly arassaçylyk däldir. Gerek bolmadyk faýllaryň arassalanmagy üçin “Пуск”->“Всепрограммы”->“Системные”->“Служебные”-> (“Очисткадиска”we“Дефрагментациядиска”) diýen iki programa ulanylýar.

“Очисткадиска” (diski arassalama) programmasy ulanylanda ünsberilmeli iki zat bardyr. Birinjisi: (Temporary Internet Files=Internediň wagtlaýyn faýllary) diýen setiri belleseňiz, onda Internedi ulanmak üçin ulanýan programmaňyz sahypalary her açanyňyzda olary gaýtadan ýüklär. Çünki “Temporary Internet Files”-yň edýän işi internetde öň açan saýtlaryňyzy “Cache” diýen ýerinde ýatda saklaýar we siz ol sahypa ikinji gezek baglananyňyzda faýllary bu ýerden okaýar. Bu setiri belleseňiz bolsa bu faýllar pozulýar. Ikinjisi: “Временныефайлы=Wagtlaýyn faýllar” diýen setir programalaryň “TEMP” papkasyndaky wagtlaýyn faýllaryny pozýar. Programmalaryň köpüsi açylanda wagtlaýyn faýly emele getirýärler.

“Дефрагментация диска” programmasy faýllaryň gaty diskiňize (Hard Disk) yzygiderli ýazdyrmak üçin ulanylýar. Biziň ulanýan gaty diskimiz öz içinde klasterlara (toparlara) bölünýär we bu programa dürli klasterlarda ýerleşýän faýllary bir ýere düzüp birleştirýär. Faýllar yzygiderli düzülenden soňra olaryň okalmagy hem aňsatlaşýar. Bu ýagdaýda maglumatlar diskiň köp ulanylan baş sektorlaryna geçirileni sebäpli çalt okalmagyny üpjün edýär. Ýöne bu programmanyň işini tamamlamanka ýapsaňyz, kompýuterdäki maglumatlaryňyz hem ýitip bilýär.

Ýazan: Myrat Gurbanow, HTTU-nyň 4-nji ýyl talyby.(2009)

Jogap ýaz