Kompýuterimdäki näsazlyklar we BIOS dili – 12

07.21.2010

BIOS ady “Basic Input / Output System” ( Ýönekeý Giriş / Çykyş Sistemasy) sözleriniň baş harplaryndan emele gelen. BIOS, kompýuteriň işlemesi üçin gerekli bolan iň ýönekeý operasiýon sistemasydyr. Mainboard we beýleki enjamlaryň (hardware) dogry, biribirine uyumly işlemesi  we dogry dolandyrylmasy işini ýerine ýetirýär. Kompýuter açylan wagty BIOS, kompýuteriň içindäki ähli enjamlaryny (hardware) gözden geçirýär we işlemedik ýagdaýynda käbir (BIP) sesler çykaryp haýsy enjamyň (hardware) işlemeýändigini bize bildirýär.

Geliň indi haýsy sesiň name manysynyň bardygyny öwreneliň. Gysgaça aýdylanda kompýuteriňizde näsazlyk dörän wagty içini açyp “nämedenkä?” diýip gaýgy etmegiňize gerek däl. BIOS size öz dili bilen nirede näsazlyk bardygyny aýtýar.

Dowamly ses          –            Power supply: Tok sazlaýyjy enjam

Birnäçe gysga ses –            Mainboard: Dolandyryjy plata

1 uzyn ses                –            RAM: RAM täzelenmesinde(refresh) näsazlyk

1 uzyn 1 gysga        –            Mainboard ýada BIOS: Dolandyryjy plata ýada BIOS çipinde näsazlyk

1 uzyn 2 gysga        –            VGA: Ekran kartynda dip switch esasly näsazlyk

1 uzyn 3 gysga        –            VGA: Ekran karty

2 uzyn 1 gysga        –            VGA: Ekran kartynda ramdac esasly näsazlyk

2 gysga                       –           RAM: RAM-lar birbirine uyumly däl, meňzeş däl (parity)

3 gysga                      –            RAM: RAM-yň ilkinji 64 KB-lyk bölüminde näsazlyk.

4 gysga                      –            Timer: Timer näsazlygy

5 gysga                      –            CPU: Prosessor näsazlygy

6 gysga                      –            Klawiýatura: Klawiýatura dogry dakylmadyk ýada işlänok

7 gysga                      –            CPU: Prosessor näsazlygy

 

8 gysga                      –            VGA: Ekran karty ýadynda okama/ýazma näsazlygy

9 gysga                      –            BIOS: BIOS – ROM näsazlygy

10 gysga                   –            CMOS: CMOS okama/ýazma näsazlygy

11 gysga                    –            CACHE: Tampon ýadynda näsazlyk

Ýazan: Azat Rahmanow

  1. Mergen

    08.03.2010

    Dogrysy bilemokdym, sagbol :D

    Jogap ber
  2. Merdan

    10.21.2010

    Gowja maglumat. Kompyn bir gapdalyna yelmemeli. :D

    Jogap ber

Jogap ýaz