Programmaçylygyň manysy0

09.28.2011

“Kimler programmaçy bolup biler?” ýa-da “Programmaçynyň işi nämelerden ybarat?” – diýen soraglara dürlüçe jogap berip bolýar. Her programmaçy öz kärini seçip saýlanda, käriniň durmuşdaky ornuny hem-de bu käriň oňaýly hem-de oňaýsyz taraplaryny bilmelidir. Internetde ýa-da elektron ensiklopediýalarynda “programmaçylyk nämedir?” diýen sowal bilen gözlege çykan bolsaňyz, onda garşyňyzda birnäçe düşündirişler peýda bolar. Ýöne welin, bu kär düşünmez derejede çylşyrymly däldir. Käbir ýagdaýlarda bolsa, örän ýönekeýdir.

Programmaçylyk kärine ýönekeý bir mysal bilen syn edeliň. Her bir adam, kärine garamazdan bilse- bilmese, günüň dowamynda ençeme programa ýazýar. Mysal üçin, her gün girip çykýan otagyňyzdaky çyrany hem-de ony ýakmak ýa-da öçürmek üçindüwme bar. Düwmäni birinji gezek bassaňyz, çyra ýanýar, ikinji gezek bassaňyz bolsa, çyra sönýär. Çyra hem-de düwmeden emele gelen bu konstruksiýany ýönekeý bir enjam diýip hasap edeliň. Bu enjamyň işleýşine göz ýetirileninden soň ony işletmek şeýle bir kyn bolmaýar. Ýene bir mysal hökmünde pianinonyň işleýşini getirmek bolar. Onuň her klawişasyna basanymyzda, üýtgeşik ses çykýar. Klawişany basmak bilen ses çykmagyň arasyndaky baglanyşygy bilenimizden soň pianinony çalmak üçin onuň  iziki esaslaryny, bir klawişa basylanda, çekijiň tary kakýandygyny, taryň titremegi bolsa sesi emele getirýändigini bilmek hökman däldir. Ony çalmak üçin “Klawişa basylanda ses çykýar” kadasyny bilmek ýeterliklidir.

Köpleriň dykgat bilen diňleýän pianinoçysy bolmak üçin ençeme ýyllap türgenleşmelidigi barada şübhe ýok, ýöne çalmagyň ugruny öwrenmek bolsa birnäçe minutlyk işdir. Programmaçynyň işi hem şuňa meňzeýär. Ýagny, programa ýazmak üçin kompýuteriň içki gurluşynyň her bölejigini, olaryň näçe wolt elektrik toguny iýýändigini ýa-da gaty diskiň işleýşini bilmek hökman däl. Programmaçy bolsa birnäçe komandany öwrenip, olaryň üsti bilen kompýutere diýenini etdirip bilýän adamdyr. Mysal üçin: programa ýazmak üçin  ulanylýan dilleriň içinde, belkem, iň giňden ýaýrany “C#” dilinde 100-den az buýruk sözi (komanda) bar. Olary ýat tutan her bir adam programa ýazyp biler. Ýaňy başlan programmaçy bilen ussat programmaçyny bolsa zehin hem-de tejribe tapawutlandyrýar. Bu tapawut 3-nji synpy bitiren okuwçy bilen ussat ýazyjynyň aratapawudyna meňzeýär, ýagny, bu okuwçy hem-de ýazyjynyň ikisem mekdepde öwredilen harplary ulanyp, eser ýazýarlar, ýöne biriniň eseri köpler tarapyndan okalyp halanýan bolsa, beýlekisiniň ýazýan zatlary barada eser hem diýip bolmaýar. Bir tarapdan hem programmaçynyň işi terjimeçiniň işine meňzeýär. Siz bir iňlise “Seniň adyň näme?” diýip sorasaňyz düşünmez, ýöne terjimeçi soragyňyzy terjime edip, “What is your name?” diýse welin, düşnükli bolar. Edil şunuň ýaly kompýutere “Küşt tagtasynda sekiz weziri bir-birine howp salmaz ýaly nädip ýerleşdirip bolar?” diýip sorasaňyz düşünmez, emma bu soragy kompýuteriň diline terjime edip bilseňiz, derrew jogabyny alarsyňyz.

Programmaçylyga ýaňy başlanlaryň hökmany suratda bilmeli ýene bir zady bar. Kompýuter adamyň edip bilmeýän zadyny edip bilmeýär, ol diňe adamyň edýän zadyny has çalt edip bilýär. Ýagny, biz 1000 sany 2  ifrlik sany köpeldip bileris, ýöne bu köp wagt alar. Kompýuter bolsa beýle meseläni 1 sekunda ýetirmän işläp bilýär. Programmaçy bolmak ýoly ilki bilen programmaçylyk dilleriniň birini öwrenmekden, soň bolsa, meseläni analitiki taýdan derňäp, ony kompýuteriň düşünäýjek diline öwürmekden geçýär. Belkem, käbiriňiz “Men programmaçy bolup bilermikäm?” diýip oýlanýansyňyz. Bu soragyň jogaby welin örän ýönekeý: eger  tehnologiýa bilen gyzyklanýan bolsaňyz, kompýuteriň başynda oturmak üçin wagtyňyz bar bolsa hem-de zähmetden gaçmaýan bolsaňyz, elbetde, programmaçy bolup bilersiňiz. Mundan başga- da programmaçy bolmagy maksat edinenler üçin ökde programmaçylarda görülýän matematiki başarjaňlyk, täze zatlar öwrenmek arzuwy, köp taraplaýyň pikirlenmegi başarmaklyk şertleri bardyr. Ýene- de bir belläp geçmeli ýagdaý bar. Mugallymlara “Käriňiz näme?” diýen soragy berseňiz, öz käriňiziň nämedigine görä jogap alarsyňyz. Ýagny, özüňiz mugallym bolmasaňyz, “Kärim mugallymçylyk” diýen jogaby alarsyňyz, özüňiz mugallym bolsaňyz welin, “Fizika mugallymy” ýa-da “Matematika mugallymy” diýen has çuňrak jogap alyp bilersiňiz. Programmaçylyk hem edil şeýledir. Programmaçylyk hem öz içinde birnäçe ugra bölünýär. Mysal üçin: sistema programmaçylygy, “Windows” programmaçylygy ýa-da Internet programmaçylygy.

Şeýlelikde, üýtgeşik ugurdaky programmaçylaryň hem bir birinden örän tapawutly işler edýändigini aýtmak bolar. Programmaçylygyň ugurlarynyň käbirleri bolsa şeýleräkdir: Analyst Programmer (Analitiki Programist) – Uly şereketler bilen işleşip, haýsy hem bolsa bir işiň derňewini geçirip, ony kämilleşdirýän adam. Software Engineer (Programma Inženeri) – bir programmanyň ýa-da  sistemanyň işleýşini kagyzda taslama görnüşine getirýän adam. Developer (Programmaçy) – Derňew, optimizasiýa ýaly işler bilen kän meşgul bolman, programa inženeriniň taslamasy boýunça kod ýazýan adam. Webmaster Web saýtlary (Internet sahypalary) bilen baglanyşykly işleri ýöredýän adam.

Kakajan Abdyrasulow,

HTTU-nyň kompýuter bölüminiň 4-nji ýyl talyby.

Jogap ýaz