Baş sahypa E-SAPAK TB Basic maksatnamasynyň penjiresi. Esasy menýusy.

TB Basic maksatnamasynyň penjiresi. Esasy menýusy.

ýazan Toýly Rozyýew

TB Basic maksatnamasy işe girzilenden mahaly ekeranda onoň penjiresi peýda bolýar. TB Basic ýokarsynda esasy menýusy ýerleşdirlen. TB Basic-iň menýusynyň bölümleri birnaçe buýruklardan düzülýär.Esasy menýunyň bölümini saýlamak üçin , onuň adynyň baş harpynyň düwmesini ýa-da kursory bölüminiň adynyň üstünde goýup Enter düwmesini basmaly.Menýunuň bölüminde ýa-da menýudan çykmak üçin Esc düwmesini bir gezek basmaly, bölüminiň buýrugyndan çykmak üçin bolsa  Esc düwmesini birnäçe gezek basmaly. 

TB Basic maksatnamasynyň  esasy menýusynyň bölümleriniň käbirleri barada durup geçeliň.

1.File bölümi. Bu bölümiň Load buýrugy arkaly öň bar bolan faýly çagyryp bolýar.Bu buýruk saýlanylanda ekeranda peýda bolýan penjirede faýlyň adyny girizmek soralýar. Eger faýlyň ady  “.” (nokat) belgisi we giňeltmesi görkezilmän girizilse , onda “.BAS” giňeltmeli faýl çagyrylýar. Faýlyň adyny giňeltmesiz bermek üçin onuň adyny “.” (nokat) belgisi bilen ýazmaly. Faýlyň adynada “*” we “?” belgileri ulanamak bolýar. Bu ýagdaýda çagyrylmaly faýly ekeranda peýda bolýan katalogyň we faýyllaryň sanawyndan alyp bolýar.

File bölüminiň NEW buýrugy Edit penjiresini arassalap , täze faýly döretmäge mümkinçilik berýär. Ol bu faýl NONAME.BAS ady beryär.

File bölüminiň Write to buýrugy faýlyň adyny üýtgetmäge ýa-da ony başga ýere göçürmäge , Directory buýrugy kataloklaryň sanawyny ekerana çykarmaga we gerekli katalogy saýlamaga , Change dir buýrugy katalogy saýlamaga , OS shell buýrugy bolsa operasiýa ulgamyna ýüzlenmäge ýardam berýär.TB maksatnamasyny gaýdyp gelmek üçin  EXIT buýrugy ulanylýar .Quit buýrugyny saýlap , TB maksatnamasyndan bilen işi tamamlap bolýar.

2 Edit bölümi. Bu bölümi saýlap , Edit penjiresine girilýär. Maksatnamanyň operatorlary bu penjirede peýda bolan ýerde ýazylýar. Öň bar bolan faýly şu ýere getirmek , ýagny ony işjeň faýyl etmek üçin ony File bölüminiň Load buýrugy bilen çagyrmaly. Eger işjeň faýlyň ady kesgitlenmedik bolsa, onda oňa NONAME.BAS ady berilyär. Edit bölüminden çykmak we esasy menýu gaýdyp gelmek üçin Esc düwmesi basylýar.

3.Run bölümi. Bu bölüm işjeň faýlda ýazylan maksatnamanyň ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.Maksatnama ýerine ýetirilýän wagty ony Ctrl we Break düwmelerini bile basyp saklap bolýar.Eger maksatnamada ýalňyş bar bolsa, onda Edit penjiresine, ýalňyş bar ýerine gaýdyp gelinýär. Message penjiresinde interpretatoryň barlan setirleriniň we operatorlarynyň sany, Run penjiresinde bolsa bolsa maksatnamanyň ýerine ýetirilişi görkezilýär.

4.Compile bölümi. Bu bölümde işjeň faýylda ýazylan maksatnama kompilirlenyär, ýagny ol maşyn diline geçirilýär. Bu işiň netijesini “.EXE”ýa-da “.TBC” giňeltmeli faýylda saklanylýar. Kompilirlenme wagtynda Message penjiresindebarlanylýar. Işi Ctrl we Break düwmelerini bile basyp bes edip bolýar. Eger maksatnamada ýalňyş bar bolsa, onda bu barada habar berilýär we Edit penjiresine, ýalňyş bar ýerine gaýdyp gelinýär.

Egerde şu ýazanlaryma düşünmeseňis arkaýyn çekinman sorap bilersiňiz. Indi sanymyzda TB Basic maksatnama düzmegi geçeris.

 

Toýly Rozyýew – Ýolöten etrap 40-njy orta mekdebiň 10-njy “E” synp okuwçysy.

 

Gyzykly makalalar

28 teswir

Okyjy 28.04.2011 - 15:01

sag bol

jogap
Okyjy 10.05.2011 - 01:51

5-3 sany mysalam islap gorkez

jogap
Toýly Rozyýew 12.05.2011 - 09:14

Hokman shu wagt tayyarlayan geljekde goyaryn…. Maslahatynyz uchin minnetdar Okyjy….

jogap
Okyjy 14.05.2011 - 15:45

Mende şeýle mesele bar eger 3 sany (girizilen) san (Input a,s,d) ösýän tertipde bolsa iki esse köpeltmeli galan ýagdaýda 2 esse azaltmaly.
Maňa kyn ýeri şeýle nädip kompýutere şony düşündirmeli? Meselem şeýleräk san girizeliň A=1; s=3; d=5;
if (a<s) and (s<d) beýle girizmek dogry bolonok meň pikirimçe sebäbi sanlary a=1 we s=2; hem-de d=3 diýip girizmedik

jogap
Okyjy 14.05.2011 - 15:58

Belki maňada tema açmaga rugsat berersiňiz? Menem bilýänje zatlarymy ýazaryn.

jogap
Azat Rahmanow 14.05.2011 - 22:16

Saňa tema açmaga rugsat berdim. Gowja peýdaly zatlar paýlaşarsyň, garaşýas :)

jogap
Okyjy 15.05.2011 - 19:12

Sag bol Azat içini öwrensem ýazaryn tema açmagyň ýerini tapamok (häzir signal pesräk soň gözlärin). Ýokarky goýan meseläniň ýeňil çözlüşini gaoýaýyn ýöne başgarak usulyny bilýäniňiz ýazsaňyz.

var a,b,c:integer;
begin
read(a,b,c);
if (b=a+1) and (c=b+1)then write(‘a*2=’,a*2,’ b*2=’,b*2,’ c*2=’,c*2)
else write(‘a=’,a/2,’ b= ‘,b/2,’ c= ‘,c/2);
end.

jogap
Azat Rahmanow 15.05.2011 - 21:09

Içeri gireniňden soň “Admin Panel”, “Sazlamalar” görüner. Admin Panelden girip ýazyp bilersiň.

jogap
Toýly Rozyýew 16.05.2011 - 03:30

Salam Okyjy! Senin bu yazan programman TB Paskal dogrymy aytsam men kan Paskala gyzyklanamok yne TB Basicdakysyny onaryp goyaryn nesip bolsa…

jogap
Okyjy 18.05.2011 - 15:10

Salam Toyly. Paskal ABC.NET. TB Paskalda barlap görmedim işlemegi mümkin jogap ekranda saklanmasa readkey end öň ýazmaly. Men Paskalyň kitaphanalaryny peýdalanmadym. Sen Beýsikde ýazsaň menem başardygymdan Paskalda ýazjak bolaryn. Kime haýsysy gerek bolsa ulanar. Q Beýsik gowy dälmi?

jogap
Okyjy 18.05.2011 - 15:49

Tema açmak maňa başardanok, iňlisçe ýazgylara düşünemok. Men gowusy Toýly garşy bolmasa, şu temalara goşulaýynla.

jogap
balicity 14.07.2011 - 04:24

entegem turbo basic ulanyan barmay? eniac hem maryda yatyrmyka ya bir yerde

jogap
Toýly Rozyýew 21.07.2011 - 06:35

Balicity senin ozun nireli Daway Mara dil yetirmalile men seni tanamok daway name yazjak bolsan menin mailimima yaz Tilsimat.NETi hapalap oturmaly! [email protected]

jogap
Okyjy 24.10.2011 - 02:54

Toýly ýene bir zatlar ýazjak dälmi? Ýa her üýrene jogap berjek ýörjekmi?

jogap
Toýly Rozyýew 24.10.2011 - 18:29

Salowmaleýkim Ýaşuly Okyjy menem gowy siz nähili kyn görmeseňiz şu saýta nähili tema ýüklenýänligi barada tema açaýyň eger kyn görmeseňiz… Menem uly höwes bilen okap täze temalar goşarym ýaly…!!!

jogap
Okyjy 28.10.2011 - 16:59

Waleýkim salam Toýly dogrymy aýtsam men tema açyp bilemok. 3 gezek synanyşdym. Üçden soň puç diýleni men indi tema açmazmykam diýýän. Siziň ýazgylaryňyzy höwes bilen okaryn. Özümçe düşündiriş we ş.m-lar ýazaryn.

jogap
1 2

Leave a Reply to Azat Rahmanow Ýap

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.