TB Basic maksatnamasynyň penjiresi. Esasy menýusy.28

04.27.2011

TB Basic maksatnamasy işe girzilenden mahaly ekeranda onoň penjiresi peýda bolýar. TB Basic ýokarsynda esasy menýusy ýerleşdirlen. TB Basic-iň menýusynyň bölümleri birnaçe buýruklardan düzülýär.Esasy menýunyň bölümini saýlamak üçin , onuň adynyň baş harpynyň düwmesini ýa-da kursory bölüminiň adynyň üstünde goýup Enter düwmesini basmaly.Menýunuň bölüminde ýa-da menýudan çykmak üçin Esc düwmesini bir gezek basmaly, bölüminiň buýrugyndan çykmak üçin bolsa  Esc düwmesini birnäçe gezek basmaly. 

TB Basic maksatnamasynyň  esasy menýusynyň bölümleriniň käbirleri barada durup geçeliň.

1.File bölümi. Bu bölümiň Load buýrugy arkaly öň bar bolan faýly çagyryp bolýar.Bu buýruk saýlanylanda ekeranda peýda bolýan penjirede faýlyň adyny girizmek soralýar. Eger faýlyň ady  “.” (nokat) belgisi we giňeltmesi görkezilmän girizilse , onda “.BAS” giňeltmeli faýl çagyrylýar. Faýlyň adyny giňeltmesiz bermek üçin onuň adyny “.” (nokat) belgisi bilen ýazmaly. Faýlyň adynada “*” we “?” belgileri ulanamak bolýar. Bu ýagdaýda çagyrylmaly faýly ekeranda peýda bolýan katalogyň we faýyllaryň sanawyndan alyp bolýar.

File bölüminiň NEW buýrugy Edit penjiresini arassalap , täze faýly döretmäge mümkinçilik berýär. Ol bu faýl NONAME.BAS ady beryär.

File bölüminiň Write to buýrugy faýlyň adyny üýtgetmäge ýa-da ony başga ýere göçürmäge , Directory buýrugy kataloklaryň sanawyny ekerana çykarmaga we gerekli katalogy saýlamaga , Change dir buýrugy katalogy saýlamaga , OS shell buýrugy bolsa operasiýa ulgamyna ýüzlenmäge ýardam berýär.TB maksatnamasyny gaýdyp gelmek üçin  EXIT buýrugy ulanylýar .Quit buýrugyny saýlap , TB maksatnamasyndan bilen işi tamamlap bolýar.

2 Edit bölümi. Bu bölümi saýlap , Edit penjiresine girilýär. Maksatnamanyň operatorlary bu penjirede peýda bolan ýerde ýazylýar. Öň bar bolan faýly şu ýere getirmek , ýagny ony işjeň faýyl etmek üçin ony File bölüminiň Load buýrugy bilen çagyrmaly. Eger işjeň faýlyň ady kesgitlenmedik bolsa, onda oňa NONAME.BAS ady berilyär. Edit bölüminden çykmak we esasy menýu gaýdyp gelmek üçin Esc düwmesi basylýar.

3.Run bölümi. Bu bölüm işjeň faýlda ýazylan maksatnamanyň ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.Maksatnama ýerine ýetirilýän wagty ony Ctrl we Break düwmelerini bile basyp saklap bolýar.Eger maksatnamada ýalňyş bar bolsa, onda Edit penjiresine, ýalňyş bar ýerine gaýdyp gelinýär. Message penjiresinde interpretatoryň barlan setirleriniň we operatorlarynyň sany, Run penjiresinde bolsa bolsa maksatnamanyň ýerine ýetirilişi görkezilýär.

4.Compile bölümi. Bu bölümde işjeň faýylda ýazylan maksatnama kompilirlenyär, ýagny ol maşyn diline geçirilýär. Bu işiň netijesini “.EXE”ýa-da “.TBC” giňeltmeli faýylda saklanylýar. Kompilirlenme wagtynda Message penjiresindebarlanylýar. Işi Ctrl we Break düwmelerini bile basyp bes edip bolýar. Eger maksatnamada ýalňyş bar bolsa, onda bu barada habar berilýär we Edit penjiresine, ýalňyş bar ýerine gaýdyp gelinýär.

Egerde şu ýazanlaryma düşünmeseňis arkaýyn çekinman sorap bilersiňiz. Indi sanymyzda TB Basic maksatnama düzmegi geçeris.

 

Toýly Rozyýew – Ýolöten etrap 40-njy orta mekdebiň 10-njy “E” synp okuwçysy.

 

  1. Okyjy

    10.28.2011

    Tüweleme!
    Toýly Rozyýew -ВГУ им. Машерова unwerstitetiniň talyby.

    Beýleki temalarda 10 E klasmydy?

    Şowly bolsun!

    (Duplicate comment detected; it looks as though you’ve already said that!) näme bolýaraý

    Jogap ber
  2. Okyjy

    10.28.2011

    Ugruň näme?

    Jogap ber
  3. Toýly Rozyýew

    10.28.2011

    Menin ozum ВГУ им. Машерова unwerstitetiniň talyby menin ugrym Kompyuter Tehnologiya Programmist onem 10 E klasda-dym.

    Jogap ber
  4. Okyjy

    11.01.2011

    Gutlaýan! Okuwda-dumuşda uly-uly üstünlikler hemraň bolsun!

    Dogrymy aýtsam okaýan, umuman okuwa höwesli adamyň okamagyna men begenýän.
    Okuw seniň durmuşyňdaky özbaşdak ýaşaýşyňdaky ilkinji üstünligiň biridigini ýadyňdan çykarmaly däl. Şeýle üstüliklere beslenen ömrüň bolsun!

    Jogap ber
  5. Ahmet Jommykow

    12.04.2011

    Salam Okyjy. Gowja temalaň bar bolsa men goýyp beräýern seň adyňdan!

    Jogap ber
  6. Okyjy

    12.11.2011

    Maňa tapawudy ýok öz adyňdan ýazanyňda-da öň bir-iki gezek synanyşdym bolmady meň akkauntymda häzirem duran bolmagam mümkin. Gowy ýa-da däl oňa jogap berip bilmen. Başardygymdan programirlemäni öwrenmekden (başlangyç) goýaryn. Gyzyklanýan kompýuter programlary we özi

    Jogap ber
  7. arslanm

    01.16.2012

    Bu yazan programman maksady name, name is yerine yetirya?

    Jogap ber
    • chip

      08.03.2012

      Ya men kor ya-da shu yerde hich hili prog. yok…

      Jogap ber
  8. Toýly Rozyýew

    01.16.2012

    TB Basic bu progrrama durli gornushde shekil doredip bolyar…

    Jogap ber
  9. bega

    10.31.2012

    salam. siz programmist bolsañyz. duzen programmañyz ya eden uytgeshik gyzykly ishiñiz barmy. yada shular yaly makala yazmak bilen meshgullanyanyzmy?

    Jogap ber
  10. aaaa

    12.02.2012

    Toyly Rozyyew menem yas programiustlerden biri sizde programirlemede c++ dilinden elektron kitap barmy? Bar bolsa komek berayseniz!!!

    Jogap ber
  11. Toyly

    12.03.2012

    Shu wagta yok mende c++ shol barada gyzyklanamogam indiden beylak gyzyklanyp goraymesem!

    Jogap ber

chip üçin jogap ýaz