Tehnologiýanyň “Bähhh”leri – 10

01.23.2016

Türkmenistanda hem interneti soňky 1-2 ýyllykda has ösdürip başladylar.
Bugün bu makalamyzda internetde ýada beýleki enjamlarymyzda hiçkimiň bilmeýän käbir gyzykly tilsimleri öwretmekçi. Bular bilen belki siziň wagtyňyz has gyzykly geçer diýip umyt edýärin.

1. Ilki bilen öwrenmeli zadymyz, bizde şuwagt internet köp kesilýär başdan boýnumyza almaly. Internet kesilende size güýmenje tapyp bereýin.
Chrome browseri ulanýan bolsaňyz köp gabat gelinýän zat: “Unable to connect to the internet. ERR_INTERNET_DISCONNECTED”. Bu ýagdaýa duş gelseňiz gynanmaň, gaharlanmaň. Klawiaturadaky “Space” ýagny “Probel” basyň, internet gelýänçä dinozawr oýuny oýnaň, ozüňizi Magdanlydaky daglarda ýaly duýuň! :)

2. Indi bolsa google daýyyzy nädip ulanmaly, şony göreli. Siz gowy bilýäňiz elbetde ýöne Türkmenistandan google.com açsaňyz sizi awtomat google.tm iberýär. Käbir gözleýän zadyňyzy tapmak kynyrak bolsa, google.com/ncr girip gözlediň, bu sizi hiç ýurduň googleyna ibermez. (No Country Redirect)

3. Eger Android telefonyňyzy ýitiren bolsaňyz, haýsy hem bolsa bir ýerdäki internetden şol telefonda açylan google hasabyňyza girip, googledan “find my phone” diýip gözledip görüň. Peýdasy degýär barlap gördüm. :)
Ýenede birzat ýiten Android telefonuňyzy uzakdan jyrladyp, ýada blokirowka berip bolýar. Munuň üçin Android Device Manager (https://www.google.com/android/devicemanager) programmasyny ulanmaly.

4. WiFi paroluňyzy has howpsuz kodlama bilen kodlaň. Meselem modemiňizdäki WPS protokoly açyk bolsa Android telefonundaky “WPS connect” programmasy arkaly arkaýyn baglanyp bolýar.

5. Bu bolsa daşary ýurtda okaýan talyplarymyz üçin. Mugallymlaryň käbir tabşyrýan işlerini wagtynda edip ýetişip bilemizok, soňky güne çenli etmän goýýarys, soň bolsa aljyraşyp wagtymyzy ýetirip bilmän kösenýäs. corrupt-a-file.net web saýtyna bir faýly ýükle we saňa şol faýly zaýalap çykaryp berýär. Zaýalanan faýly taýýar diýip iber. Ol seniň e-poçtaňy açyp faýly indirip açyp barlaýança köp wagt geçýär. Şol arada senem wagt gazandygyň bolýar. :)

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz