Tehnologiýanyň “Bähh”leri – 20

01.23.2016

Tehnologiýa, dünýäniň soňky 50 ýylynyň iň köp agzaýan sözi. Indi bu hakynda şeýle bir maglumat köpeldi welin yzyndan okap öwrenip ýeter ýaly däl. Soňky ýyllarda bolsa iň köp gepleşilýän tema “internet”. Geliň internete degişli gaty az adamyň bilýän maglumatlaryny öwreneliň!

• Indi köp bolmasada öýlerde limitsiz internet ulanyp başladylar. Limitsiz internet diýilsede ilki bilen kelllä gelýän zat kino. Türkmenistanda torrent işlänok, näme etmeli? Size bir usul öwredeýin; Google-a şeýle ýazmaly, formulasy: [kino ady] -inurl:(htm|html|php|pls|txt) intitle:index.of “last modified” (mkv|mp4|avi)

Meselem: Matrix 2 -inurl:(htm|html|php|pls|txt) intitle:index.of “last modified” (mkv|mp4|avi)

Eger aýdym gözleýän bolsaňyz onda iň soňky böleginiň ýerine (mp3|wma|aac|flac) ýazyň. Edil şolar ýaly beýleki faýllar üçin hem ulanyp bolýar.

• Interneti dörjeläp ýörkäň käwagt birzat aljak bolsaň senden registrasiýa soraýar ýada mail adres ýazdyryp oňada link iberip basdyrýar. Eger ol saýta öz mail adresiňizi beresiňiz gelmese, 15-20 minutlyk iş üçin wagtlaýyn we tiz mail hyzmaty berýän saýtlar bar. 10-30 sekuntda täze mail açyň, registrasiýa boluň we işiňizi bitireniňizden soň mail öz-özünden pozulýar. http://maildrop.cc, http://www.spamgourmet.com, https://10minutemail.net, http://www.fakemailgenerator.com, https://www.guerrillamail.com
Bulary ulanyp wagtlaýyn mail açyp bilersiňiz.

• Android telefonlar üçin Photomath diýip bir programma, kitapdaky matematika mysalyny göni kamera arkaly görüp çözüp bilýär. Mysaly ýazmak hökman däl kamerany tutmak ýeterli.

• Internediň tizligini nädip barlamaly?
Internet tizligimizi töleg geçen tarifimizde işleýärmi ýada işlänokmy şony anyklamak üçin bilmeli. Tizligi barlamak üçin speedtest.net saýtyna giriň we “Begin” basyň. Ol ýerde size indirme (download) we ýükleme (upload) tizligini görkezer.

• Türkmenistanda telefonyň ýada GSM operatoryň internetini kompýuterde ulanýanlar hem köp, olaryň iň uly problemasy tariflaryň gymmatlygy. Eger siz habar, bildirişler we ş.m okaýan bolsaňyz brouzeriňizden suratlary görkezmez ýaly edip internet pakediňizi tygşytlap bilersiňiz. Munuň üçin Google Chrome browserde, Настройки -> Показать дополнительные настройки – > Настройки контента -> Картинки – Не показывать

• Bilişimiz ýaly köp saýtlar bloklanan, internetde arkaýyn gezmek üçin VPN ulmanmaly bolýar. Edil şuwagt Türkmenistanda işleýän VPN diýseň az, Androidlar üçin Psiphon ulanyp bolýar, kompýuterden girýänler üçin UltraSurf programmasy işleýär. iOS ulanýanlar üçin düzgün işleýän şuwagtlykça ýok, ählisi bloklanan. Ýöne Private Tunnel ulanyp bolýar käwagt.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz