ABŞ 2011-nji ýyla çenli guýylary burawlamagy gadagan etmekçi1

05.28.2010

ABŞ-nyň hökümeti 2011 ýyla çenli Arktikada nebit guýylaryny burawlamagy gadagan etmekçi. Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda burawlamagyň gadagan etmeginiň sebäbi, Meksika aýlagynda nebidiň akmagy. Demokratik partiýasyndan Senator:’’ Obamanyň ýolbçylygynda şelfda özleşdirilme işleriniň 1 ýyllyk saklanylmagy çykaran netijesi boýunça, tabşyryklaryň gijikdirilmesi hem-de içerki bazarda nebitiň we gazyň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirer’’ diýip belläp geçyar.

Ýakyn günlerde Barak Obama Meksika aýlagynda BP-nyň nebit platformasynda bolan hadysa barada hasabaty görkezerler.

22-nji aprelda Luiziana ştatynyň kenarýakasynda BP-niň dolandyrylýan platformasy Deepwater Horizon 36 sagatlyk ýangyndan soňra gark boldy, onuň yz ýany bolsa gaty güýçli partlama boldy diýip RIA habarlary belläp geçýär. Nebidiň akmasy Luiziana, Alabama, Missisipi ştatlaryna uly zyýan ýetirip, şol sebitlere ekologik heläkçiligi howpy abanýar.

Ýazan: Muhammet Batyrow

  1. Batyr

    06.02.2010

    они ликвeдировaли aвaрию?

    Jogap ber

Jogap ýaz