Bioýangyjyň ikinji nesli0

05.01.2010

Golaýda Ýewropa Bileleşigi “EuroBioRef” atly maksatnamany taýýarlady. Bu maksatnama ylmy açyşlaryň üstünde işlemek üçin özara hyzmatdaşlyk etjek uniwersitetleriň 81-isi gatnaşar. Uniwersitetleriň gözleg institutlary alternatiw energiýa çeşmelerini esasy energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak üçin ylmy-gözleg işlerini alyp bararlar.

Ýewropa Bileleşigi eýýäm birnäçe ýyldan bäri alternatiw energiýa çeşmelerini “ikinji bioýangyç nesline” öwürmek isleýär. Şunuň bilen birlikde taýýar önümden soňra galýan käbir galyndylaryň kömegi bilen elektrik toguny öndürmek hem göz öňüne tutulýar. ÝB bu maksatnama 71 million amerikan dollaryna barabar bolan pul möçberini goýbermegi meýilleşdirýär.

“EuroBioRef” maksatnamasynyň çäklerinde üç sany taslama alnyp barylar. Birinji taslama maksatnamanyň doly suratda amala aşmagy üçin birnäçe mümkinçilikleri öz içine alýan, özara sazlaşykly işlejek ulgamy döreder. Şeýle-de, bu taslama uniwersitetleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy we maglumat alyş-çalşygyny alyp barar.

Ikinji taslamanyň utgaşdyryjysy Oksford uniwersitetdir. Bu taslama “SUPRA-BIO” diýlip atlandyrylýar. Taslama laýyklykda innowasion tehnologiýanyň kömegi bilen daşky gurşawa zyýany bolmadyk energiýa çeşmeleriniň gözlegi babatynda birnäçe ylmy-derňew işleri geçiriler. Taslama Daniýanyň Alborg uniwersiteti, Angliýanyň Mançester uniwersiteti hem gatnaşar.

“Star-COLIBRI” diýilýän üçünji taslama ÝB-niň alternatiw energiýa çeşmeleriniň görnüşlerini köpeltmegine ýardam berjek özara ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň baş ýörelgelerini taýýarlar. Bu taslama Germaniýanyň Drezden tehnologiýa uniwersiteti we Angliýanyň Ýork uniwersiteti hem gatnaşar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz